Greenleaf
06.04.2022 00:01
GOŞJAN SEÝITMÄDOW
ÝAŞYL ÝAPRAKLAR
(Dowamy)
***
Kakasy ogluna 27 ýaşyndaka "Samsyk" diýip käýinýärdi. Indi kakasy 70 ýaşyndaka ogly oňa "Akmak" diýip käýinýär.
***
Ol gyz özüni soňky modada bezäp köçä çykdy. Onuň şu wagt dünýä göwni ýetenokdy.
Dünýäniň welin oňa göwni ýetenokdy.
***
Gar ýagýar. Soňam Gün ýalbyrap çykýar welin, gözüň gamaşýar gidýär.
Şol ýylpyldawuk garlar tebigatyň ýatan gözel zatlarynyň garyndysy bolaýmasyn?
***
Howa, tämiz howa äpişgeden edil gyz ýaly ýylgyryp girýär.
Tämiz howa äpişgeden çeşmäniň suwy ýaly sowujaklygy bilen, mähirli el ýaly mylaýymlygy, hoş habar ýaly ýakymlylygy bilen girýär.
Tämiz howa- bu biziň ömrümiziň gönezligidir!
***
Birwagtar gaş bejerjek bolup, gözi çykarýan ekenler.
Häzir welin tersine!
***
Ol ilden özüniň däl-de, kakasy bilen ejesiniň öwülýändigini eşidýärdi. Şoňa-da begenjinden iki bolup bilmeýärdi.
***
Ony işde oňat synap gördüler. Ilki satygçy, soň magazin müdiri, soň söwda ugrunyň ketdeleriniň biri boldy...
Indem ony ýeke adamlyk "jaýa" salyp, "çydamlylygyny" synap görýärler.
***
Bilmeýän bilýänden öwrenip bilgir boldy. Soňam bilgirden dilgir boldy.
***
Ol onuň ýüregini ogurlajak diýip, ömrüni ogurlatdy.
***
Ol şeýle bir gepleýärdi, şeýle bir gepleýärdi!
Hatda özüniň gybat edýänligindenem bihabardy.
***
Ol alma satýanyň mahabatyna ynansa-da, bagbana ynanyp biljek däldi.
***
Siz göze görünmeýän nokadyň bardygyny bilýärmisiňiz? Onuň nirede goýulýandygynam bilýärmisiňiz? Bilýän bolsaňyz örän oňat! Bilmeýänler welin ol nokadyň kineden, kemsitmeden, äsgermezçilikden, aldawçylykdan, gabahat garamatdan... soň, edil ýüregiň üstünden goýulýandygyny unutmasyn!
***
Ol gününi diýseň "hoş" geçirýärdi. Edarada başlygyna ýaranjak bolup gülse, öýüne geleninde-de aýalyna ýaranjak bolup gülýärdi.
***
Ol ýekeje ýalňyşlyk tapsa, ýüz ýerde gürrüň ederdi.
Emma özüniň mydama ýalňyşýandygyndan bihabardy.
***
Ony bütin il tanasa-da, ol ýeke adamy-da tananokdy.
Ony kimdir öýdýärsiňiz?
Piwo satyjy!
***
Onuň dişi, ýüzügi, goşaryndaky sagady gyzyldandy. Ýöne ýüreginiň gyzyldygyna welin güwä geçer ýaly däldi.
***
Tankytçy ýazyjyny tankyt eleginden geçirjek diýip, özi "eleksiz" galdy.
***
"Iki at ýok" diýip, hemişe zeýrenip ýören ikatýok mamlamy ýa-da 4 guzynyň 2-ni, 6 goýnuň 3-ni "ýok" eden çopan?
***
Gylyç egrem bolsa, keseninde dogry kesýär.
***
Ol külüni müň ýere dökse-de, abraýyny dökmändi. Sebäbi onda abraý ýokdy.
***
Deňziň gahary gelende bulutlar aglap ugraýar.
***
Zenanlaryň gözýaşy erkekleri oýlanyşmaga mejbur edýär.
**
Aýdymçyny şeýle bir öwdüler, şeýle bir öwdüler!
Soň-soň ondan öwmäge-de zat tapylmady.
***
Ol her gezek gürläninde kömek eden adamlaryny ýekän-ýekän sanap çykýardy. Emma özüne kömek edenleri welin bir wagt unudupdy.
(Dowamy bar)
7
37
halmyrat_gmail_com
6 Aprel 2022
Greenleaf, gowy post

Greenleaf, gowy post soz yok malades howri kop bolsun

Greenleaf, dowamy bolsa sabirsyzlyk bilen garasylyar
Greenleaf
6 Aprel 2022
YGurbanaly23,salam. Ýok. Bu asly köne elipbiýdäki kagyz kitap. Şondan şu ýaşyl ýapraklary ýüregime ýakyn gördüm, azajykdan elim degen wagty ýazyp goýaýýaryn. 21 ýylda goýupdym soňky gezek. Gutarylman galdy. Şu gün ýazasym geldi we ine goýdum. 😊
ylham_gurbanaly
6 Aprel 2022
HalmyratGmail.com., Goşgy?!!!! Ýa men ukuda ýa sen!

Greanleaf , Salam şu doly elektron görnüşmi?
halmyrat_gmail_com
6 Aprel 2022
Gaty gowy gosgy 👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.