Elvan777
05.04.2022 23:24
■ Ynjalykly bolmaly ýöne, duýmaýan däl. Açyk sözli bolmaly ýöne, edepsiz däl.
■ Ynsan ilki başda ahlak taýdan okamagy gerek, diplomlar hünärler üçindir.
■ Bizi edepsizler däl-de edebimiz gürleden däldir.
■ Ýa-ha sözläp biljek sözi bolmaly ynsanyň, ýa-da dymyp otyryp biljek edebi.
■ Edepsizlige döredijilik öýtýänler, edepli ynsany kelesaňdyr öýderler.
■ Mydama aýtýarlar diýýärler: bu ynsan näme üçin beýle edepsiz, Heý soradyňyzmy? Edebini bozan haýsy häsiýetsiz diýip.
■ Edep eýesi özüne çalynan şarpygyň eýýesini däl-dä sebäbini gözlär.
■ Sessiz durmak güýçsizlik däldir. Sessiz durmak edepdir. Ýöne herkimse edebiň nämedigine düşünmez.
■ Pinokýa tagtadan ýöne ýalan sözläninde burny uzalýardy. Şumahalky ynsanlaryň ýüzem gyzaranok.
■ Edep: gürleýän wagtyň diliňe goramak. Ýalňyz galan wagtyň kalbyňy goramak. Daş çykan wagtyň gözüňi goramakdyr.
■ Edebiňiziň ýetmedigi ýere diliňizem ýetmesin.
■ Edep şeýtany öldiren bir ýaragdy.
■ Her zadyň bir hyzmat edijisi bardyr. Diniň hyzmat edijisi bolsa edepdir.
■ Edep ynsany her tüýsli ýalňyşlyklardan goraýan maglumata we ýörelgä eýe bolmakdyr.
■ Edep ynsany utanyljak zatlardan goraýam melekdir.
9
37
Elvan777
6 Aprel 2022
HoJoM,ShirnazarTaganow,Перман, spasibo🙂
Перман
6 Aprel 2022
👍👍👍👍👍👍
ŞirnazarTaganow
5 Aprel 2022
Gaty gowy!👍
HoJoM
5 Aprel 2022
Örän dogry bellenilen ählisem..! 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.