https://owrenmeli.app/21999-deja-wu.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
05.04.2022 09:29
Dé-jàvù - Dežawýu-bu, adamyň özünde hiç wagt bolmadyk waka, ýa-da ozal bolmadyk bir ýere baryp gören ýaly bir wakany başdan geçirendigini duýýan hadysa. Bu tutgaýlar bilen baglanyşyklydygy ýüze çykdy: şo wagt, beýni neýronlary bedeniň dürli ýerlerine garyşyk signallary iberýär. Uzak möhletli ý:at we wizual maglumatlary gaýtadan işlemek üçin jogapkär beýniniň orta wagtlaýyn böleginde şular ýaly ýalňyş işjeňlik, deja wu duýgusyny döredýär. Ylymda şeýle-de düşündiriş bar: Beýniniň bir bölegi beýleki bölegine garanyňy örän az wagtlyk (millisekunt) tapawudy bilen işleýär. We alnan maglumat beýniň bir bölegine ir beýlekä giç barýar. Giç baran bölegi hem şol wakany öň bolup geçen ýaly duýýar. Adatça Deja wu uzak dowam etmeýär (10-30 sekunt), agşam, irden bolýar. Ýadaw wagtlaryňyz hem bolup bilýär. Käbir gözlegçiler düýşleri ýatlamak ukyby bilen deja wu duýgusynyň arasynda baglanyşyk bar diýip hasaplaýarlar.
13
108