https://owrenmeli.app/21945-diydi.html#comment
violinist
04.04.2022 12:43
Seni söýdüm, "Göwnüm özgede" diýdiň,
"Menden gowsuny tap,gözlede" diýdiň.
Okap durkam gözleriňden söýgüňi
"Özge diýip ýalan sözleme" diýdim.
"Her gün sen düýşümde görýänim" diýdiň,
"Başganyň ýüregňe girýänin" diýdiň.
Çogup durka seň mähriňden gursagym
"Ony nädip kalba ýerläýin" diýdim.
"Uzakdyr ýollaryň öwrümi" diýdiň,
"Nädip göterersiň göwnümi" diýdiň.
Mydam seň göwnüňi götermek üçin,
"Sowgat edýän saňa ömrümi" diýdim...
13
118