N.T.
03.04.2022 23:43
Çigit satýan gyz....


Köpelmese azalmazdy hatarlar,
Gelerdi ýigit-de, gyzdyr gelin-de.
Düýn Gün bolup ýanan günebakarlar,
Ömrüni soňlardy onuň elinde.

Baryn tanamazdy gelenleriň ol,
Bu şäherde ony köpler tanardy.
Görmegeýdi, ýöne bezenmezdi ol,
Egninde-de şol bir köýnegi bardy.

Ol azap çekmezdi döküp derini,
Ýöne kyn bolardy ýeke galanda.
Sananda gazanan köpüklerini,
Howury kiparlan Teke bazarda.

Arzuwçyl oglanlaň gül sesi nesip
Etmändir, gül göwni galkardy weli.
Bu uly şäherde oňa hiç kesiň
Nebsi agyrmana degenok eli.

Dözerdi aýaza, otyr yssyka,
Dilgirlikden yş ýok onuň sesinde,
Berilmedik gaýtargydyr stakan,
Düýşünde görýäni on ýedisinde.

Ýyllar näme…
                        onuň çigidin alýan,
Howlugyşyp barýan adamlar ýaly
Tiz geçdi.
Gyz keşbi, köz yşky ýanman,
Çigit gabyklarnyň astynda galdy.



Gurbandurdy ORAZOW.
7
55
halmyrat_gmail_com
5 Aprel 2022
🤕🤕🤕🤕🤕🤕🤕🤕🤕🤕🤕🤕🤕🤕😒😒😒😒😒😒😒😒😒😒😒😒😒

N.T.,lika mynasyp post soz yok 👍👍👍👍👍👍👍👍
N.T.
4 Aprel 2022
Zümrüt🌺,dogry🙂
N.T.
4 Aprel 2022
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀,🙂🙂🙂🙂
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
4 Aprel 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
N.T.
4 Aprel 2022
Zümrüt🌺,hevvv ha🤔🙄
N.T.
4 Aprel 2022
Zümrüt🌺,sag bol😊howwa hen biraz gynançlyrak😔
N.T.
4 Aprel 2022
Zümrüt🌺,☺☺☺☺gowy görýan reñkim shu❤😍
N.T.
3 Aprel 2022
Перман,😉😉😉👍
Перман
3 Aprel 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.