violinist
03.04.2022 23:30
Sen aglasañ ýüzün salýar gözellik,
Sen aglasañ ýaşaýyşym togtaýar,
Seret! Ýylgyrmaga sebäp kän ahyr,
Hemmelerem gülmekligi nygtaýar...

Sen aglasañ süllerip dur güllerem,
Zeminiñ gyzygy gaçýar şo pursat,
Her gözýaşyñ , ömriñ kemeltýämişin,
Kineli ýaşasa gussaly gursak...

Sen aglasañ menem durup bilemok,
Bogazymda tegek bolýar sözlerim,
Göwnüñe tekgelik bererin ýöne,
Seniñ hergiz aglamagña dözmerin...

Sen aglasañ, ähli barlyk kemilýär,
Çünki, bil! Sen bitin ömre geregim,
Sen aglasañ giñ dünýäde demigýän,
Aglama hiç agyrtma-da ýüregiñ...



Baýram Bejidow
13
66
Gussam
4 Aprel 2022
YGurbanaly23, hawa ! Ýöne käte şondan başga zada güýjiň ýetenok 🍂!
ylham_gurbanaly
4 Aprel 2022
Gussam, şeýle görünse-de şeýle däl-ä)
Gussam
4 Aprel 2022
YGurbanaly23, Gözünden akýan damjalar içiňdäki alawy söndürýän ýaly... Aglasaň içiňä sowaýar ) !
ylham_gurbanaly
4 Aprel 2022
Gussam, Aglamakdan peýda barmyka?!)
Gussam
4 Aprel 2022
Şonuň üçin aglamaly.... belki biz üçinem şeýle bolýanlar bardyr ☺️😉!
gena_02
4 Aprel 2022
👏👏👏👏👏👏👍
Gülhan
4 Aprel 2022
Her niçikde bolsa begenýän zadym, Ýylgyryşyň gizläp bilýär derdiňi
N.T.
4 Aprel 2022
Seniñ hergiz aglamagña dözmerin😪😪💔👍👍👍
Перман
3 Aprel 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.