N.T.
03.04.2022 22:53
Kemsinme, ezizim…

Awtory: Jumanazar ANNAORAZOW


Kemsinme, ezizim,
Kemsinme asla,
Geýýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.

Kemsinme, ezizim, durmuşda häli
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok.
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.

Kemsinme, ezizim, berme gama ýan,
Ir-giç seniň sargydyňy bitirin.
Häzir men bergimi üzmäge barýan,
Soň saňa köýneklik mata getirin.

Maňlaýdan der saçyp,
Dilden dür saçyp,
Işleýärin, baýlygym ýok, pulum ýok.
Ýöne men bir zady aýdaýyn açyk:
Meniň senden başga söýýän gülüm ýok.

Men seni söýýärin,
Söýýärin, ýöne
Söýgi köýnek ýaly geýilýän däldir.
Geýnüwli gelinler, Aý dek gelinler,
Belki, seniň ýaly söýülýän däldir.

12
86
Gussam
4 Aprel 2022
😊🌱👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
N.T.
4 Aprel 2022
Гульхан,sag bol!🥰😘
Gülhan
4 Aprel 2022
N.T., ahlimize bile bolsn gülüm ♥️
N.T.
3 Aprel 2022
Гульхан,oñat özä ;) Oraza baýramyñ bn!
Gülhan
3 Aprel 2022
N.T., şükür sen onatmyn' ?
N.T.
3 Aprel 2022
MissBoss♕,uklama kizzz basda men uklaýyn😁
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
3 Aprel 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
MissBoss♕
3 Aprel 2022
N.T.,haa uns bermandirin bagysla,m harpyny w harpyna menzedip gorupdirin ukla diyjek bolyalar oydyan gozlerim😁
N.T.
3 Aprel 2022
Zümrüt🌺,yok ýalñyshdyñ🤦‍♀️shu nikde men basda girenimden bäri🙂

G🌼..,sag bol🥰😍😊
N.T.
3 Aprel 2022
MissBoss♕,bu-da dogry ýöne basdaky teswiriñde harp yalñysh gidipdir shony diyjek boldum🤦‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.