Bilip iýýärsiňiz! Ependi aýalyndan:
– Ölen kişiniň ölenligini nähili nyşan bilen bilip bolýar? – diýip sorapdyr. Aýaly:
– Hemme agzalaryndaky yssylyk düýpli ýok bolup, el-aýaklary, ähli bedeni
sowuk bolýar – diýipdir.
Tötänlikden gyş paslynda Ependi odun getirmäge gidipdir. Sowuk täsir edipdir.
Ependi:
– Hawa, men indi öldüm – diýip, eşeginden düşüp, bir gapdalda el-aýaklaryny
uzadyp ýatypdyr. Şol wagtda aç börüler gelip, eşegini ara alyp iýmäge başlapdyrlar.
Ependi başyny galdyryp:
– Örän hilegär börüler ekeniňiz, eýesi ölen eşegi bilip iýýärsiňiz – diýipdir.