violinist
01.04.2022 13:00
Men döwtalap däldim kalbyň gyrmaga,
Ilgezikdim bagt bermäge egsilmez.
Höwesjeňlik edip göwnüň görmäge,
Öz göwnümi zyňdym, diýip: “Degsinler!”

Başarşymça yhlas etdim ugruňda
Hem öçürdim öz nebsimiň közüni.
Goltgy tapyp şahyrlaryň şygryndan,
Senli derde ýokuşdyrdym özümi.

Kesp edindim guwanmagy keseden,
Her göremde monça boldum, eseldim.
Boýçy çyksa buza dönen käseden,
“Şol geler”-li umytlarda kösendim.

Ejizländir diýdiň,
Ejizdir diýdiň
Elden gelýän zadym diňe ýazmakka.
Hemem “Söýgiň odam ezizdir” diýdiň.
Ah, ýanmak bar, ýanmak bar...


Sapa Hommadow
14
84
ylham_gurbanaly
2 Aprel 2022
G🌼.., aha😊 barjakmy aňra)
ylham_gurbanaly
2 Aprel 2022
G🌼..,baş üstüne, arkaýyna🙂
ylham_gurbanaly
2 Aprel 2022
G🌼.., goýaa, haýsylary)
ylham_gurbanaly
2 Aprel 2022
G🌼.., Döwründe gruppada toplapsyñ oytyan)😊
Begler
1 Aprel 2022
Suratdaky soz👍👍👍
Gussam
1 Aprel 2022
Gowy ýazypdyr 😞 !
Lälijek
1 Aprel 2022
🖒 3nji menden😉
Muhammet.Y
1 Aprel 2022
2nji like menden:))
melejik
1 Aprel 2022
Birinji like mendendä😉
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.