Gülhan
30.03.2022 14:07
Uzaklarda galdyň aralar aýry,
Sensiz tomsuň jöwzasyda "gyş" eken.
Zyýada mähir ýok, Mähriňden gaýry,
Başga duýgy geler gider "guş" eken!

Ýetim diýdim ýetim önüp ösenme,
Ýetimlik ol wagt menden daş eken.
Sagaman gez "Gara gözlim" kösenme,
Sen kösenseň käbir kalplar "Hoş" eken..

Dolduryp dursada köpleri ýanym,
Pytrap barýan gerekmejek "goş" eken.
Sen alysda yşygy ýok dünýämiň,
Wah..ejejan sensiz ömrüm "boş" eken..

Hemmezat bolsada, hiçzat "ýok" ýaly,
Ýoklugymy dolan "barym" ekeniň,
İndi ýetim diýsem doğry "ykbaly"
Sen bolmasaň käbäm "ýarym" ekenim..
14
76
ŞirnazarTaganow
31 Mart 2022
Гульхан,Öz ýazanyñmy?
Aýdogdy
30 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,👍👍👍👍👍👍👍👍👍
Lälijek
30 Mart 2022
melejik, dogry.
melejik
30 Mart 2022
Ejelerimiziñ jany sag bolsun Ejemiz bar nä gamymyz bar 😊❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.