Elvan777
30.03.2022 12:15
Sagat 12 boldy uklanok şindem
Bu wagt köp adamlar uka gidendir
Diñe bir adamy men anyk bilýän
Şol adam gözünem gyrpman ýatandyr.

Ol adam kimkän diýip oýlanansyñ sen,
Ol iñ mähriban ynsan eger sen bilseñ.
Gijesine rahat ýatyp bilenok.
Belki bu zatlaryñ günäsi sensiñ.

Eje uzak gije gözlerin ýumman,
Perzendi hakynda alada eder.
Oglum akylly bol bitertip bolma,
Diýip daşda bolsa günde jañ eder.

Şu wagt goşgyny ýazjagam däldim
Ýöne ejem düşdi birden ýadyma
Olam ýöne ýerden däldi elbetde
Bir zat bolsa ejem ýetişerdi dadyma.

Ine şeýle ýagdaý edil şu wagt
Elime demlän çaýym ýyklydy
Birdenem ejemjan ýadyma düşüp
Gözlerimden hasrat ýaşy döküldi...
8
61
Elvan777
30 Mart 2022
ShirnazarTaganow, ☺☺
ŞirnazarTaganow
30 Mart 2022
Elvan777,onuñ üçin maña ýakyn gezmeli!😅💡👍
Elvan777
30 Mart 2022
ShirnazarTaganow, gaty gowy dash towreginizdakilerede yokashdyryn onda😁
ŞirnazarTaganow
30 Mart 2022
Elvan777,ýagşyny aşyrmaklyk ,endik bolup,borja öwrüldi!👍😊
Elvan777
30 Mart 2022
ShirnazarTaganow, hawa olaryn aydyshyndan bilip bolyara yuzbe yuz bolsan hasam ansat aydysh aheninden anyp bolya, yone gowy maslahat spasibo
ŞirnazarTaganow
30 Mart 2022
Elvan777,gaty gowy onda!-emma bir zady unutma hemme-de gowy bolsun diýip kemçiligi ýatlatmaýar!👍
Elvan777
30 Mart 2022
ShirnazarTaganow, hehe yokla men gowy goryan sheyle kemcilikler aydylsa yogsa osush bolmaya🙂
ŞirnazarTaganow
30 Mart 2022
Elvan777,gaty gördüñmi?!😊
Elvan777
30 Mart 2022
ShirnazarTaganow, sheyle bir zat yazjagyny bilyadim🙂

Lälijek, bilmedim awtoryny bellemandirin onki blaknodymdaky goshgy
Lälijek
30 Mart 2022
Öñ okapdym. Kakamyrat Rejepowyn goşgusymaý şu?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.