Bir adamyň Maşyny ogurlanypdyr. Ertesi gün maşyn yzyna getirilipdir, maşynyň içinde bir kagyz bar eken. Adam kagyzy açyp görse şeýle ýazgy barmyşyn.
-Bagyşlarsyňyz, düýn maşynyňyzy ogurlamaly boldum. Çünki aýalym göwrelidi. Ony hassahana äkider ýaly maşynymam ýokdy, siz we aýalyňyz üçin kinoteatra 2 bilet aldym. Kinoteatra gelmegiňizi haýyş edýärin, menem barýan, özümi bagyşladasym gelýär.
Adam bu haty okansoň, duýgulandy. Aýaly bilen kinoteatra gitdi. Ogryny görmeselerde, gowy wagt geçirdiler. Öýlerine gelende görseler hemme zat ogurlanypdyr. We bir kagyz. Kagyzy okasalar şu ýazgy:
-Agam, kinoteatrda hezil etdiňizmi :)