30.03.2022
Hindistanda 200 million adam iş taşlaýyş edýär
28-nji martda Hindistanda iki günlük iş taşlaýyş başlandy.
Bu ýurduň 200 million ilaty iş taşlamak isleýär. Iň bärkisi, köpler bu çärä gatnaşmak isleýändiklerini mälim etdiler.
Iş taşlaýyş käbir uly kärdeşler arkalaşyklarynyň çagyryşy bilen başlandy.
Bütin Hindistan Kärdeşler arkalaşygynyň kongresiniň baş sekretary Amarjit Kauryň pikiriçe, iş taşlaýyşa 200 million adam gatnaşar.
"28-nji we 29-njy martda iş taşlaýyş wagtynda 200 milliondan gowrak işçiniň gatnaşmagyna, tutuş ýurt boýunça köpçülikleýin mobilizlenmä garaşýarys" -diýdi Amarjit Kaur.
Iş taşlaýyşyň jemgyýetçilik transportynyň, poçta bölüminiň, energiýa we nebit kärhanalarynyň, metallurgiýa we ş.m. işlemegine täsir edip biljekdigi bellenilýär.
Mundan başga-da, bank işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklary hem iş taşlaýyşy goldaýarlar.
Iş taşlaýanlaryň talaplary näme?
Ilki bilen kärdeşler arkalaşyklary zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy, girdejileriň adalatly paýlanmagyny, şertnama baglaşylan işçiler üçin deň hukuklary, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmakdan ýüz öwürmegi we ş.m.
Kärdeşler arkalaşyklary watandaşlary iş taşlaýyş sebäpli döredilen çäklendirmelere düşünmäge çagyrdy we şu günler ulaglarda we bankomatlarda näsazlyklaryň bolup biljekdigini aýtdy.
Awtory: Pawel Gospodarik
Çeşme: belnovosti.by@yandex.ru