https://owrenmeli.app/21647-mahabat.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
29.03.2022 22:54
Mahabat haçan döräpdir? Mahabatyň döremegi üçin birgiden faktorlaryň, birleşmesi gerek. 1-njilik bilen harytlar gyzyklanan alyjylardan has köp bolmaly. Başgada saryklaryň arasynda konkurensiýa bolmaly. Fabrikalarda örän köp mukdarda harydyň ýasalany sebäpli mahabat döredilipdir. Öňler satmakdan hem has beter haryt öndürmek kyn ekeni.
Harydy satyn almak üçin şäherde(obada) maddy taýdan ýagdaýy gowy bolan adamlar köpräk bolmalydy. Hemem mahabaty çykaryp ony alyjylara habar berýän adam gerekdi. We bu ýagdaýlaryň hemmesi Angliýada 18-19-njy asyrlarda amala aşdy. Şondan soň harytlaryň öndürilýän mukdary has köpelipdi, Söwda ösüpdi. Maddy taýdan ýagdaýy gowy bolan adamlaryň sany köpelipdi. Şo sebäpli hem ýene-de gazetlerde hem mahabat çykaryp başlapdyrlar. 1920-njy ýylda bolsa mahabat radioda çykypdyr(ABŞ)-telewizorda-da. Iň gizlin mahabat etmek görnüşi bolsa şowda, filmda, kanallardaharydyň ulanylyp boljakdygyny görkezmekdi. Firmalar harytlarynyň gowy satylmagy üçin , mahabatlarda öňden hem şeýle çykaryp gelýän ekenler: Bir filmiň gahrymany şol bir marka ulag ýa şo bir marka eşik geýýän bolsa, tomaşaçylara ýönekeý mahabatdan şu hili mahabaty has özüne çekiji diýip düşünipdirler.•Mahabat-reklama- türkmen dili sözlügine bu söz hem ýakynda täze girizildi
Taýýarlan:❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
10
53