❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
27.03.2022 21:30
Üns

Auditoriýada ýa islendik bir köpçülik ýerde özüňize üns berilmegini ýa-da bolmasa aýdýan, gürleýän zadyňyzyň beýlekiler üçin has gyzykly bolup görüner ýaly etmek isleýärsiňizmi...


3. Pikirler
Köpçüligiň öňünde çykyş etmekde iň möhüm zatlaryň biri, gürleýjiniň özüni alyp barşydyr. Gözüňizi ýere dikip, tomaşaçylardan daş we öz gürleýän mowzuga gyzyklanma bildirmeseňiz, höwes bilen gürlemeseňiz, tomaşaçylar hem edil şonuň ýaly ederler - içigysar we mümkin boldugyça gysga wagtda gutarmagyny islärler.

Diňleýjiňizde haýsy duýgulary oýarmak isleýändigiňizi pikirleniň we şoňa görä hereket ediň. Adamlardan pikirleriň akymy gerek bolsa, isleg bilen habarlaşyň. Eger gyzyklanma we şatlykly höwes bolsa, aç-açan we aýdyň gürläň. Ses tonuňyza üns beriň...

4. Soraglar

Tomaşaçylarňyzyň gyzyklanmasyny janlandyrmagyň we adamlary sizi diňlemeginiň başga bir gowy usuly sorag bermekdir. Köpçüligiň öňünde çykyş etmek, adatça, bir taraplaýyn täsir. Çykyş edýän gürleýär, beýlekiler diňleýärler.

Bu özara täsir etmegiň tersine öwürýär: indi diňleýjiler gürleşmeli, çykyş edýän bolsa diňlemeli. Soraglara özleri jogap bermeli bolýandyklary üçin tomaşaçylar ýagdaýa gözegçilik edýärler we bu täsir gyzyklanma döredýär, çalt reaksiýa berýär. Adamlar diňe maglumat almakdan has gyzykly söhbetdeşlige goşulýarlar. Ýagny diňe özüňiz gürlemaň beýlekileriň hem özara ,şo tema hakynda gürleşmegine ýol beriň...


Taýýarlan: ❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀ , internet sahypalar esasynda
11
69
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
28 Mart 2022
B.....,𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,👍🏻. ShirnazarTaganow,hawa
ŞirnazarTaganow
27 Mart 2022
Hakyky bar mesele göwün tapmakda,göwün diñlemekde we şoña görä laýyk hereket etmekde!
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
27 Mart 2022
💡Üns 2.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.