Men saña şeýle bir öwrenşipdirin,
Aýlarda günleriñ doguşy ýaly.
Men saña şeýle bir öwrenşipdirin,
Gijede ýyldyzlañ ýanyşy ýaly.
Kiçijek kalbyma girip ogry deý,
Ýylgyryş bilen talañ salýan dünýäme.
Bu neneñ ahwalat, bu neneñ hyýal?!
Aýdyp ber, sen menden gowy bilýäñ-ä.
Men saña şeýle bir öwrenşipdirin.
Bilýän, señ dünýäñde üýtgeşiklik bar.
Men saña şu sözi diýesim gelýär
Kalbymy dünýäñde saklagyn aýap!...
Selbinýaz DURDYÝEWA.