gena_02
27.03.2022 14:00
Agzybire Taňrybiýr,Agzalary gaňry biýr.

Maşgala agzybirligi

Tebigatyň öz kanunalaýyklyklary bar. Ýer üstünde ösümlik- de, haýwanat-da ýaşaýşyny dowam etdirmeli. Adamzat, hem nesil öndürip, tebigatyň kanunalaýyklygyna goşant goşmaly. Maşgala meselesi bütin dünýäde hem örän ýiti hem-de jemgyýetçiligi ynjalykdan gaçyrýan meseleleriň biri. Sebäbi Ýer ýüzünde her ýylda ýaşlaryň nikalaşmagy bilen millionlarça maşgalalar gurulýar. Toý tutulyp, ýaş maşgala bagtly durmuş arzuw edilen-de bolsa, olaryň birenteginiň bir ýyla ýetmän, durmuşy bozulýar. Durmuşyň bozulmagyna näme sebäp bolýar? Muňa ilki bilen ýaşlaryň özi günäkär diýip jogap bermek bolar. Häzir ýaşlar birek-biregi halap, sulhy alyp durmuş gurýarlar. Olary hiç kim mejbur etmeýär. Elbetde, perzentlerini öýermek, durmuşa çykarmak ata-enäniň borjy. Ata-ene hem çagalarynyň öz halaşýanlary bilen durmuş gurmaklaryny isleýärler. Ata-ene bilen ylalaşyp, öz halanyň bilen durmuş guran bolsaň, onda näme üçin durmuş bozuldy? Diýmek, olarda ýeterlik durmuş tejribesi ýok. Durmuş gurmaga ýeterlik ukyby ýa-da maşgala keşigini çekmäge islegi ýok. Tebigata syn etseňiz, diňe adamlar däl, hatda mör-möjekleriň- de, haýwanlaryň-da birentegi – arydyr garynjalardan başlap, möjek, gaplaň, ýolbars, pil, kit ýaly äpet haýwanlar- da maşgala bolup ýaşaýarlar. Özleri-de ynsana görelde alarlyk derejede agzybir, birek-birege düşünişip ýaşaýarlar. Maşgala gurmakda ýaşlar ilki bilen örän eserdeň, hüşgär bolmaly, sebäbi bütin ömrüňde bir jan, bir ten bolmaly ýanýoldaşyň bilen häsiýetiň, düşünjäň laýyk gelmeli. Iki juwan birek-birege düşünişende, birek-biregi goldanda bagtly durmuşy gurmak kyn däl.

Elbetde, durmuşyň özüne ýetik hysyrdysy, kynçylygy-da bar. Maşgalada ýüze çykýan käbir kynçylygy ýaşlaryň ikisi-de agzybirlik bilen deň derejede durup çekişmelidir. Gadymy türkmen ertekilerinde batyr ýigit öz doganyny ýa-da dostuny gözlemäge gidende onuň öňünden üç ýol çykýar. Ol ýollaryň çatrygynda bolsa: «Gitse geler», «Gitse gümana», «Gitse gelmez» diýen ýazgylar bar. Ýigit kyn ýoly – «Gitse gelmezi» saýlaýar we ýeňişli dolanypgelýär. Durmuş gurýan ýaşlaryň öňünde hem iki ýol – bagta alyp barýan şaýol we betbagtlyk bilen gutarýan çarkandakly ýoda. Bu ýoldaky neşebentlik, arakhorluk, biwepalyk, agzalalyk ýaly durmuş ýörelgesi, yzgytsyzlyk, gödeklik ýaly ýaramaz gylyk-häsiýet maşgala binýadynyň çat açmagyna, jaýrylmagyna, soňundan çagşamagyna, umuman, betbagtlyga alyp barýar. Şol ýollaryň haýsysyny saýlasa çatynjalaryň öz ellerinde. Bagta barýan şaýoly saýlap, göreldeli, bagtly maşgalany gurmak üçin şeýle bir kynçylyk ýok. Diňe çatynjalaryň birek- birege düşünişmekleri, sylaşyk, kanagat gerek. Durmuş toýunda toýa gelenler ilki bilen ýaşlara agzybirlik dileýärler. Olaryň uzak ýyllar goşa gumry ýaly bolup, nesil öndürmeklerini, agzybir ýaşamaklaryny Allatagaladan dileýärler.

 Öýlenen ýigidiň maşgalasy uly bolsa, onda täze gelen gelin gaýynatasy, gaýynenesi, gaýynagalary, ýüwrüjileri, gaýynekejileri, baldyzlary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Käbir maşgalalarda olaryň hemmesi bilelikde ýaşaýarlar. Gelen gelin gaýynenesidir gaýynatasyny öz ene-atasy ýaly, gaýynagalarydyr eltilerini, gaýynekejilerini, ýüwrüjileridir baldyzlaryny öz doganlary ýaly görse, maşgalada dowam edip gelen edim-gylymlara hormat goýup, tertip-düzgünleri berjaý etse, onda bu gelin hem bagtly, döwletli maşgalanyň bir hormatly agzasyna öwrüler. Elbetde, uly maşgalalarda häli‑şindi käbir durmuş meseleleri çykaýgyç bolýar. Şonda hem maşgalanyň ýaşulusy pähim-paýhas bilen meseläni çözýär. Türkmen halk döredijiliginde, ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde agzybirlik meselesine aýratyn üns berlipdir we bu barada nakyllar, rowaýatlar döredilipdir. «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybir», «Ikiniň agzy bir bolsa, asmandakyny inderer, altynyň agzy ala bolsa, agzyndakyny aldyrar », «El eli ýuwar, iki el birigip – ýüzi» ýaly nakyllarda bagtly durmuşyň kepilnamasy bolan agzybirligiň gadyryny bilmek, ony gorap saklamak ündelipdir. Aşakdaky rowaýatlarda maşgala agzybirligi teswirlenýär: «Bir zamanda uly maşgala ýaşaýar eken. Ol maşgalada ene-ata, doganlar, gelinler, perzentler bilelikde gaty agzybir ýaşapdyrlar. Bu agzybir maşgalanyň dabarasy dag aşyp, ýurduň hanyna baryp ýetipdir. Han şeýle uly maşgalanyň bir agza bakyp, agzybirlikde ýaşamaklaryna geň galyp, ýörite olary görmäge gelipdir. Ol maşgalabaşy bilen gürrüňdeş bolup, bu agzybirligiň syryny sorapdyr. Maşgalabaşy sesini çykarman, onuň sebäbini hat üsti bilen düşündiripdir. Ol bir kagyz alyp, şoňa ýüz sany söz ýazypdyr. Han ol haty okap görse, şol ýüz sözüň birinjisi «Sylaşyk» bolup, galan togsan dokuzysy «Kanagat» diýen söz eken». «Ir döwürler duşman bir obanyň üstüne çozmakçy bolupdyr. Han ilki bilen şol obanyň ýagdaýyny öwrenmek üçin, onuň üstüne içaly iberipdir hem-de tamdyrlaryň sanyny bilmegini tabşyrypdyr. Birnäçe günden soň içaly tabşyrylan işi bitirip gelipdir we bütin oba boýunça üç sany tamdyryň bardygyny aýdypdyr. Han: «Küren oba bolup, bary-ýogy, üç sany tamdyr bilen oňýan bolsalar, bu oba gaty agzybirdir. Bu oba bize aldyrmaz» diýip, pälinden gaýdypdyr». Ýa-da ýene bir mysal: «Gadymy wagtda goňşy bolup oturan üç dogan bar eken. Doganlar örän agzybir ýaşaýar ekenler. Bir gün bir goja olaryň öýlerine myhman bolup gelýär. Goja olaryň öýünde gezek-gezegine myhman bolup ýaşaberýär. Birnäçe wagtdan soň ol haltasyny göterip, uly doganyň öýüne baryp, onuň gelnine: – Gelin, meniň gitmeli wagtym boldy. Eden hyzmatlaryňyz üçin Taňry ýalkasyn. Şu haltanyň içinde baýlygam, saglygam, agzybirligem bar. Haýsysy gerek bolsa diläň – diýýär. Onda gelin: – Gitseňiz, sag boluň. Bize baýlyk gerek – diýip jogap berýär. Soň goja ortanjy gelniň öýüne baryp, oňa-da şeýle diýýär. Ol gelin saglygy dileýär. Goja onuň hem dilegini bitirýär. Goja kiçi gelniň hem ýanyna baryp, oňa-da baýlygy, saglygy, agzybirligi hödürleýär. Gelin agzybirligi dileýär. Bu goja doganlary synap görmek üçin gelen perişde eken. Ol kiçi gelniň dileginden hoşal bolýar we agzybirlik bolan ýerde baýlygyňam, rysgalyňam, saglygyňam bolmalydygyny aýdyp, elindäki haltany durşuna kiçi gelne goýup gidýär. Türkmen halkynda «Öýi dikýänem aýal, ýykýanam» diýen nakyl bar. Ederini bilýän menikli aýal maşgalanyň keşigini erkek adamlardan kem çekenok. Çaga terbiýelemekde-de, goňşular bilen gatnaşykda-da, hojalygy dolandyrmakda- da töweregine görelde, nusga bolýar. Bir obada iki dogan öýli-işikli bolup, goňşuçylykda agzybir ýaşaýar eken. Olar bu agzybirligiň sebäbiniň aýallara däl-de, diňe özlerine degişlidigi bilen öwnüpdirler. Onda gelinleriň biri bu agzybir durmuşa özleriniň hem gatançlarynyň bardygyny aýdypdyr, emma adamsy ony diňlemek hem islemändir.

Günlerde bir gün uly dogany gulluk işi bilen birnäçe günlük sapara gidipdir. Ol dolanyp gelende aýaly oňa: «Seniň iniň içi gowy däl. Ol düýn goýun öldürdi, öz ogluna goýnuň böwreginiň ulusyny berdi, seniň ogluňa bolsa kiçijegini berdi » diýip şikaýat edýär. Adamsy hum ýaly çişip, inisiniň üstüne ugraýar. Onda aýaly ony saklap: «Goýunda uly ýa-da kiçi böwrek bolýarmy!? Ony men seni synamak üçin, şu agzybir durmuşda biziň hem ornumyzyň bardygyny subut etmek üçin oýlap tapdym» diýýär. Adamsy öz bolşundan utanypdyr we maşgaladaky agzybirligiň aýallara-da degişlidigini boýun alypdyr.

10
98
gena_02
27 Mart 2022
GoLd,sps

Sonagyz,Şol barada goýdum özä
gena_02
27 Mart 2022
Sonagyz,Azajygam bolsa bir zady belläp alsaň bolarmyka diýýän
gena_02
27 Mart 2022
Sonagyz,sps
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.