Efso kerpiç örüp durka bazara ýakyn ýer bolany üçin köp adam şol ýerden geçýärmiş. Her geçen adamam Efso bilen gepleşip wagtyny alýarmyş. Şeýdip işini edip bilmedik Efso tagta uly ýazgylar bilen bir zat ýazyp geçýän adamlaryň okap biljegi ýerde goýupdyr. Ýene biri şol ýerden geçende Efso-a Salam diýip diýmäňkä, Efso barmagy bilen ýaňky tagtany görkezipdir. Ol adam hem tahtany okapdyr we toba diýip ýoluna gidiberipdir. Ine tagtada näme ýazyk:
Waleýkim,
Bar bol,
Howa gowy, özüňiz nähili,
Gowy bolsaňyz bolýa,
Howa kerpiç örýän,
Ýok özüme däl Anna agalara örýän,
1000 kerpiç örsem 80 manat berýä,
Günde 800-900 kerpiç örýän käwagt 1000,
Bolýa sagboluň,
Bolýa aýdaryn, sizem salam aýdyň,