sahet_ashyrov
30.01.2020 20:28
Ýolda kitap okaýanlar

(Hekaýa)
O diýýäniň atam döwründe şeýle bolmagy ahmal. Meniň-ä bu ugurdan aýdyp oturara
üýtgeşik bir gürrüňim ýok. Ýolda-yzda kitap okaýan adama duşsam, geň-enaýy bir jandary
gören ýaly begenýän, gapdalynda durup, selfi düşüräýesim gelýär. Ýöne, özüň bilýäň…
Ýolda, has dogrusy, awtobusda kitaba dümtünip oturan adamlara bary-ýogy üç ýola gabat
geldim. Şoň üçin jikme-jik ýadymda galdy.
Bir gezek 1-nji parkyň golaýyndaky duralgada awtobusa iki gyz mündi. Uýalar bolmaga
çemeli, biri-birine meňzeş. Kerim aga aýtmyşlaýyn: On sekiz-on dokuz ýaşly… The Beatles
aýtmyşlaýynam: She was just eighteen / You know what I mean.
Badam gabak, alma ýaňak. Ýüzi türkmen, dili ors. Kapyýalap aýtsam: suraty-zyba orszyban.
Saçlary kebzesine ýetip dur, jins balaklary – göbegine. Gabat garşymdaky oturgyja gondular.
Gyzlaryň «Love me again» ýazgyly gara maýka geýneni (boýy kelteräk bolansoň jigisidir
diýip çak edýän) oturan badyna aýfonunyň ekranyny sypap, instagramdaky suratlara laýyk
baha bermäge girişdi.
Beýlekisi bolsa içinden Headway ýazgyly gollanma somalyp görünýän torbasyny dörüşdirdi.
Ahyrsoňam şapbat ýalyjak, ýumşak daşly kitaby çykaryp, ýukajyk sary sahypalaryna
dykgatyn dikdi.
Men çala aýnany açyp, arassa şemala burnumy tutdum, aslynda bolsa ýüzümiň üstündäkini
ol gyzyň şahsy işine sokdum, ýagny, näme okaýanyny anyklamak üçin, egninden üstaşyry…
garaz, egnaşyry seretdim. Kitap açyk bolansoň, sahaby görünmedi. Harplaram saýgarar ýaly
däl, juda ownuk. «A-gyz, owadanja maral gözüňe zeper ýetiräýme!» diýäýesimem gelip dur
welin, köpçülikde kitap okamagyny taşlar öýdüp, howatyr edýän.
Şäher merkezinden howlukmanjyk daşlaşyp barýan awtobus Ertekiler dünýäsiniň öňündäki
duralgada saklananda, ýaňky gyzam düşmäge hyýallanyp, kitaby ýapanda, daşyny görüp
ýetişdim: iki bükülip oturan ýarym-ýalaňaç aýalyň suraty bar. Diňe goňras saçy bilen süýt
ýaly ak arkasy görünýär, iki eli bilenem topugyny gysymlap otyr. Paulo Koelýonuň «Ведьма
с Портобелло» romany. Ene-mama dilimizde «Portobelloly al-arwah». Aýal-arwah diýsek,
jynsyny has takykladygymyz boljagyny bilýän, ýöne aýalyň birinji hem soňky harpyny
alagetdin, «al» edäýsek, gyz-gelinler al-petimiziden almaz-da hernä!
Söz oýnatmagy gowy görýän dostum-ha asylam «Portobelloly loly» diýen warianty hödürledi,
ýöne beýle sözbaşy gulaga ýakymly bolsa-da, Koelýo üçin heňe geljek zat däl…
Agzalan romanda Transilwaniýada doglup, Liwanda önüp-ösen, Londonda okan, soňam
«özüni gözläp», dünýäni gezen Beýik Ene hakda gürrüň berilýär. Nämüçindir, ol naçar özüni
golaý-goltumda tapyp bilmändir. Ýa awtor «umumadamzat meseleleri gozgamak» jümlesine
juda gönümel düşünipmi? Kä sahypalarda braziliýaly ynsanperwer akylydar Nobel
komitetine tarap umyt bilen garap: «Şu bapda Çernobylam agzandyryn!» diýip, naýynjar ýylgyrýar.
Kitaby ÝOLdaş edinen gyzlaryň ýene biri Gagarin köçesindäki duralgada awtobusa ilişdi.
Gök reňkli ýolbelet uniformasynda. Pişmesypat başgabyň astyndaky saçy ýeňsesinde güle
meňzedilip daňylan. Makiýažy-reňki-boýagy gelşigine getirip çalnypdyr, ak meňzinde ýekeje
ýygyrdam, oýam, depe-de ýok, polat kibi ýylmanak, sowuk ýüz. Yzky gapydan giren
ýerindäki kürsini eýeledi. Hereketlerinde harby gyzlara mahsus gödeksi tagaşyk bar. Özem
juda syratly, göwresi türkleň gara çaý içýän bulguryna meňzeýär (ady anyk ýadyma
düşenok, bardak diýen ýaly bir bulam-bujarlyk bolmaly öz-ä). Agzyňa gant atman, başyňa
çekibermeli. (Aşa tarypyny ýetirmejek bolýan, kim bilýär, olam indi bir şagalyň gawuny
bolup ýörendir).
Awtobusdaky şagaldyr möjekleriňem, börileriňem, syrtlanjyklaryňam gözi şonda, käsi
agzyny suwjardyp, «wah, arman…» diýýän terzde başyny ýaýkaýar. Meni bolsa onuň
elindäki kitap gyzyklandyrýar. Yzda oturan ýerimdäki elhenç dyknyşykdan gopdum-da,
ýaňky gyzyň maňlaýyna baryp durdum. Ol bar ünsüni kitaba bagyş edipdir, gaşyny çytyp
(şonda-da ýygyrt peýda bolaýanok), gözüniň köküni gyryp, elindäkiň maňzyna ýetjek bolýar.
Özüniň maňzyna batan pikirlerinem belleşdirýän bolarly – kä sahypalaryň arasyna kiçijik
gülgün kagyzjyklar dykylypdyr, ýaňsylap dil görkezýän ýaly…
Ýöne Elçin Safarliň «Maňa seni wada etdiler» (Мне тебя обещали) atly romanynda mantyk
pitiňe salyp, bişireniňe degýän pikir barmyka beri? Kitabyň daşyndaky öl saçly model gyz-a
suwjuklykdan ýaňa «Men durkum bilen öl-myžžyk» diýip durana çalym edýär.
Onda-da kitaby okap göreýin diýdim. Internetde elektron nusgasyny tapdym. Orsça ýazýan
azerbaýjan ýazyjysy bolup çykdy. Gahrymanlaryna at ýerine lakam dakypdyr: Fernando,
Mişel, Клюква (Böwürslen ýalyrak miwe), Водопад (Şaglawuk), Погода (Howa). Gaty mekir
ýazyjy eken bu Elçin, atlaryna Settaraly, Hajybek, Abdylmejit daksa, daşary ýurtda
okyjysynyň azaljagyna akyly çatýar. Dilini görkezýän pikirlerem küde-küde. Mysal üçin, baş
gahryman bir gyza ýüzlenýär: «Клюква, ты знала, что счастье по-индонезийски –
«сука»?» (Böwürslen, sen indonez dilinde bagta «suka – ganjyk» diýilýänini bilýämiň?).
Eýsem-de näme?! Böwürslenler şony bilmek üçin ýöriteläp indonez dilini öwrenip ýör
ahyryn!
Ine, ýene bir ýerine kagyz dykdym: «Wagt bize ownuk-uşak pursatlaryny paýlaýar, biz bolsa
kuýaşyň astynda oýnaklap ýörüs». Taýynjak post! Owadan suratyň ýüzünde ýazyp,
instagramda paýlaşybermeli! Dogry-da walla, oýnaklap ýörmek bormy kuýaşyň astynda?!
Üçünji okyja awtobusumyz Ylham seýilgähiniň golaýyndaky duralga maňlaý dirände gabat
geldim.
Bardak däl, baýdak kibi gelindi (ony diýsem, ýap-ýaşyl lybasda pasyrdap durandyr
öýdäýmäň). Başyny bedre ululygyndaky äpet topba sokupdyr. Gyzyl köýneginiň üstünden atynan gyrmyzy donuna dagy sygyrsiýdik, ýylançyr, tazyguýruk diýen ýaly dürli-dümen
nagyş siý… wiý, salnypdyr, synlap, gözüň dokunýa, Repetege (ýa haýwanat bagyna) seýil
edip ýören ýaly bolaýýaň.
Zergärleriň sergisi şu gelniň beden agzalarynda gurnaldymyka diýdirýär – gulagy, boýny,
goly-goşary gadymy talaňçylaň arzuwy ýaly ýyldyraýar. Bu tyllaýy-mesligi gözden-dilden
goraýan alajadyr göz monjugam ýeterlik bar.
Olam edil garşymdaky oturgyçda çökdi, emma kitap çykarmady. Ýok. Men oňa üns
bermesem bermezdimem, iliň gyzy-gelni bilen asla işim ýok (muňa ýokarky aýdanlamdanam
göz ýetirensiňiz), ýöne daşara, şähere syn edip otyrkam, birden aýnaň ýüzünde telefonuň
ekrany ýagtylyp gidäýdi. Ýüzi durşuna hat. Ýaňky gelin bir zatlar okap, tiz-tizden sahypany
çalyşýar. Aldygyna-da gülýär, ýöne wahahaýlap, bolmajysy bolup gülenok, gelin-gyzlarymyza
mahsus edep-ekram bilen, senzuraň rugsat berýän gülkisi bilen gülýär.
Okyjyny beýdip güldürip bilýän ýazyjy o diýen kän däl. Ýa Awerçenkodyr, ýa Julian Barns, ýa
Lýu Çženýunyň «Men Pan Szinlýan däl», «Meniň adym Lýu Ýueszin» romanlarynyň biri.
Gaty gitse Bukowskidir diýip çakladym. Ýöne türkmen gelnini Bukowskiňki ýaly gotur
realizm gyzyklandyrarmyka?
Topbysy zerarly üstaşyr seredip, näme okaýanynam anyklap bolanok, onda-da bilesim gelip,
içim byjyklap duransoň, ahyrsoňy öwrümleriň birinde awtobus gapdala agyp, gelnem çala
bir çete gyşaran wagty, ekranyndan iküç jümläni göze ildirip ýetişdim. Ýatda saklap,
dessalym okanja ýerimi guguldap gözledim: «kitap, bäş käsä bir çäýnekden çaý guý».
Ne içinde şeýle sözlemi bolan romana gabat geldim, ne-de hekaýa. Derekli kitaplaryň hiç
birinde beýle jümle ýok. Ýöne ençeme portallary açyp-ýapanymdan soň, ahyryn şu ýazgy
tapdyrdy:
Bir aýal Konfusiniň gaşyna baryp, köpaýallylygyň köpärlilikden näme tapawudy bar diýen
soragy berýär. Konfusiý bu gelniň öňünde bäş çäýnek bilen bäş sany käsäni hatar goýýar,
soňam:
– Bäş käsä bir çäýnekden çaý guý – diýýär. – Nähili, göwnejaýmy?
– Göwnejaý – diýip, aýal baş atýar.
– Indi tersine, bir käsä bäş çäýnekden çaý guý… Göwnejaýmy?
Aýal:
– Bu-ýa hasam göwnejaý – diýýär.
Konfusiý jany ýanyp:
– Samsyk! – diýip gygyrýar. – Ne gözel tymsalyň işini gördüň!
«1001 anekdot» atly kitapdan.
Şondan soň awtobusda kitap okaýanlara üns bermegi bes etmeli diýen karara geldim-de,
Çarlz Bukowskiň «Beýik ýazyjylar tüsseläp duran pohly garşokda amanadyny tabşyrýar» atly
terbiýeçilik ähmiýetli ajaýyp hekaýasyny okap başladym. Gowy ýazýar-aýt, zaluwat…

Maksat Bäşimow
8
1 291
Myhman Myhman
24 May 2020
Salam
Dünýäm
19 Aprel 2020
Ol nacar ozuni golay goltumdan tapyp bilmandir?...Kim bilya olam indi bir sagalyn gawuny bolyp yorendir?

Hajybek??

Hehe ucunji gelin bet zat okayan eken?
Myhman Myhman
19 Aprel 2020
Maşllah awtor yazanlaryna gora kitaplary okanyñ bildryo
zamannamaz
1 Fewral 2020
Yazan nireli bilyanizmi?
Папин дочка
31 Yanwar 2020
Gaty gowy yaltanman yazypsyn we menem yaltanman okap cykdym gyzhkly eken kop sag bolun yenede shular yaly ajayyp postlara garashyas Ajayyp eserler?
M.B.N
31 Yanwar 2020
Sabyrsyzlyk bln garaşýan
sahet_ashyrov
31 Yanwar 2020
Melek menem tansanyma oran sat nesip bolsa gelejekde siz yaly okamagy halayan okyjalar ucin uly gowrumli eserleri goymakcy okap baha beriñ!
M.B.N
30 Yanwar 2020
Tanşanma şat!!!
M.B.N
30 Yanwar 2020
Adym Melek 2000ý. Aşgabatdan okamagy halaýan we siziñ ýazýanlarñyzy gyzyklanyp okaýanym ün tanşlyk açasym geldi
sahet_ashyrov
30 Yanwar 2020
M.B.N siz nireden
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.