lord
25.03.2022 14:54

EDEBI ÝAŇSYLAMALAR.


Goşjan diýdi: “Tagta bizi
Garşy aldy batga bilen.
Menem diýdim: “Zeleli ýok,
Aýrarsyň-da çotga bilen”.
Ýöne Tagtaň batgasyna
Ýigrenç bilen garamaň siz.
Ondan gaçyp ýöremäň siz”.
  S. Öräýew.

Heý-de ýigrenç bilen garap bolarmy?
Tagtaň batgasyny ýürekden söýýäs!
Ýüzümize,gözümize sürtýäris,
Dulumyzda ony haltalap goýýas.

Tagtaň batgasyndan gaçyp “ýörýänler”,
Adam däldir,haýwandyr ýa akmakdyr.
Tagtaň batgasyndan gaçyp ýöremek,
Sapar Öräň mertebesin ýykmakdyr.

Şoň üçin batgadan sowlup geçene:
“Akmak bolma,adam bolawer!”-diýýäs.
Aýagyndan tutup,zyňýas palçyga,
Penjeläp,agzyna şor palçyk guýýas.

Şabadyň suwundan müň paý gowy diýp,
Günde iki gezek batga bulanýas.
Arman,tomus batgasy ýok Tagtanyň,
Tomus düşse,günümiz kyn,elenýäs.

“Çotgalasaň bizi kemsitmek bor” diýp,
Eli çotgalynyň alýas çotgasyn.
Goşjanyňam asla görmers ýüzüni,
Eger çotgalaýsa Tagtaň batgasyn.

Tagtaň batgasyna erbet garýanlar,
Ozal-ahyr hökman gözünden tapar.
Goşjana-da ýaryn berersiň diýip,
Ýollan batgamyzy kabul et,Sapar!

(Tagtalylaryň Sapar Öräýewe ýazan hatyndan).


 Atajan Tagan- Kyrk ýylda ýazylan kitap

12
55
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
25 Mart 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.