Kodlar, Pin kodlary, parollar, gizlin sözler.
Köp adam telefonyna paroly, kody edip doglan gününi, adyny we şuňa meňzeş takmyn edip boljak zatlary goýýar. Dünýäde iň köp goýulýan kod "12345"-dir.
Bu postda Şekil (nagyş; suratdaky ýaly) kodlary barada okarsyňyz.
Hasaplamalara görä adamlaryň 10% töweregi şekil koduna harp ýa-da san çyzýar.
Ýöne harp şekil kodlary takmyn etmegi aňsat kodlardandyr, ýagny siziň adyňyzy bilýänleriň köpüsi ilki adyňyzyň baş harpyna meňzeş şekil çyzarlar. Şoň üçin harplar bilen baglanyşykly şekil çyzmak maslahat berilmeýär.
Şekil çyzmak kodunda 390.000-e golaý kod görnüşi bar.
Ýöne 8 we 9 nokady birleşdirmek kodlary köp ulanylmaýar. Iň köp ulanylýan 5 nokady birleşdirmek.
Ýöne bu telefony goramaga ýetmeýär we Maksimum 7.000 synanyşykda telefonyňyzy açyp bilerler. Bu şeýle güýçsüz koddyr hat-da 4 sanly kod hem mundan güýçlidir.
Şekil çyzmakda iň köp ulanylýan kodlaryň käbiri 4 nokat birleşdirilip çyzylýar. Bu örän güýçsiz koddyr. Maksimum 1600 synanyşykda telefonyňyzy açyp bilerler.
Postuň soňy
Teswirlere garaşýan