𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
24.03.2022 20:00
Dowamy...

IlosGome:

2-nji bölüm

IlosGome gutusy

Enso bazardan gaýdýardy. Bir garry aýal öňünden çykdy we aýtdy:
-Oglum, men örän aç maňa suw we iýer ýaly zat beräý
Enso torbasyndaky almalardan birini we suwyny berdi.
Garry aýal almady we aýtdy:
-Sen örän gowy Adam, me al, bu guty saýasynda sen Adamlaryň haçan ýok bolup gitjekdigi ýa-da iň uly baýlygyň nirededigi ýaly islendik soragyň jogabyny öwrenip bilersiň. Ýöne diňe bir zat sorap bilýäň, ulanyp ulanmamak seniň kararyň, çünki bu gutyny açanda ölmegiň hem mümkin.
Enso hiç zat diýmän durdy.
Ol garry aýal:
-Şuwagt maňa ynanmaýandygyňy bilýän, ýöne aýdýanlarym dogry, ýakynda Etsok Şa öler. Senur Şa bolar, Iki taýpa öňki uruşlaryndan has beter uruşar we netijede gan akar. Bular bolanda maňa ynanjakdygyňy bilýän diýýär we ýoluna gidýär.
Enso, öýüne gaýdýarka Jasini-ni görýär garry aýalyň aýdanlaryny aýdýar.
Roksan Jasini-ni söýýär we Enso-nuň hem Jasinini söýýändigini bilýär we bular gepleşende hemişe geplerini diňleýär. Edil häzirem diňläp durşy ýaly. Muzeanlardan bolan Kres Obanyň jarçysy. Ol bütin Vartinlans-y aýlanyp Diteskit-e barmalydygyny aýdyp çykýar. Enso we Jasini-niň ýanyndan geçýärkä Enso saklaýar.
-Kres, näme boldy, näme sebäpden Diteskide barmaly.
-Bilemok Enso, ýöne Şa Etsok öldi diýip myş myş bar.
-A, indi şa kim bolýar,
-Wezir Senur bolarda, Diteskide çagyr hemmäni diýip maňa aýdanam şol.
-Daýzanyň, aýdany bolýarmaý,
-Sen ýene samsykça gürlemäge başladyň, meni saklama men entek Vartinlansyň ýarysyny aýlanyp Diteskide barmalydygyny aýtmaly.
Enso içinden öz-özi bilen gürleşdi.
-Ol garry aýalyň aýdany dogrumyka (gutyny torbasyndan çykardy we guta seretdi), bu gutam üýtgeşik, IlosGome ýazgysy bar, bu näme diýmekkä..., Aý daýza aldap goýberendir, Şa Etsok keseldi, ýakynda öljegi mälimdi. Onuň ogly bolmansoň elbetde Şa Senur bolarda. Şeýle boljakdygyny, hemme bilýärä, (Gutyny ýere zyňdy we ýoluna dowam etdi)
Roksan Enso we Jasini gidensoň gutyny aldy. Belki daýza dogry aýdandyr diýdi öz-özüne.
Hemme Diteskide geldi.
Senur:
-Etsok şa öldi, we wesýetinde meniň şa bolmagymy isledi. (Senur, uzyn wagtdan bäri wezir bolansoň hemme sözüne ynanýardy we garşy çykan bolmady. Senur Şa boldy.)
Bir obaly gygyrdy:
-Etsok şany öldüren Muzeanlardyr, Etsogyň kakasy adalatly Şa Tansok bolany üçin, Muzeak şanyň tarapynda bolanlar Etsoky öldürdi.
Bu iki taýpanyň ýene uruşmagyna sebäp boldy, ýöne bu uruşda, gan akdy.
Enso garry aýalyň aýdanyna şol wagt ynandy we derrew gutyny zyňan ýerine gitdi. Guty ýokdy.
Edil şol wagt Roksan halka uruşmagy goýuň diýdi we gutyny görkezdi.
-Bu guty her sowalyň jogabyny aýdýar. Diňe bir gezek sorag sorap bilýäs. Geliň iki şanyň haýsynyň uruş başladanyny öwreneliň diýdi we gutyny açdy...




IlosGome:

3-nji bölüm

IlosGome-Başlangyç

Enso we beýleki Tansokkiler IlosGome-yň bir çetinde Jasini we Muzeanlar bir çetinde oýandy. Senur şa we adamlary hem IlosGome-de oýandy. Hemmesiniň bir maksady bardy. Tansokkiler we Muzeanlaryň maksady birdi, "Haýsy şanyň günäkärdigini bilmek"
Şa Senuryň maksady bolsa, meniň günärkärdigimi öwrenmesinler diýip bir gezeklik soragy olardan öň soramakdy.
Tansokkiler we Muzeanlaryň arasyndaky uruş dowam edýärdi.
Tansokkiler IlosGome-yň merkezine gidýärkä, Muzeanlar hem şol ýere barýardy. Iki taýpa duşuşdy. Enso hiç kime görünmän Muzeanlaryň tarapyna geçdi. Enso-ga hiç kim üns bermeýäni üçin muny Roksandan başgasy görmedi. Roksan Vartinlansly däldi. Şonda-da Enso we Jasininiň yzarlamak üçin Muzeanlara goşuly. Iki taýpa ýene uruşyp başlansoň Enso we Jasini başga tarapdan IlosGome-yň merkezine gitdi. Roksan bulary yzarlady. Taýpalar we Enso dagy IlosGome-yň merkezine barýança Açlardan, Duzaklardan we Goragçylardan gaçmelidi. Taýpalar we Enso dagy IlosGome-yň merkezine barmak üçin Köne Köpri, ölüm labirinti we Aç adadan geçmelidi...


IlosGome:

4-nji bölüm

Köne köpri we ölüm labirinti.

Köne köprüden ötmek üçin Goragçylaryň beren tapmaçasyna dogry jogaby bermelidi. Enso we Jasini Köpriniň ýanyna gelende bir goragçy sorady:

-Tapmak kyn, ýitirmek aňsat, bu zat näme?

Enso "Çyn dost" diýip jogaplandan soň Jasini bilen köprüden geçmäge hak gazandy. Enso we Jasini köprüden geçensoň, Roksan geldi. Goragçy ondan hem şol sowaly sorady.
Roksan aýtdy:
-Jorapmy,
Goragçylar "Ýalňyş" diýdiler we Roksan'y köprüden geçirmediler.
Roksanyň ýadyna çagaka dosdy Enso-a eden ýamanlygy ýadyna düşýär.
-Dost, diýýär
-Dosdy ýitirmek aňsat, tapmak kyn
Goragçylar Roksany hem köprüden geçirýäler.
Oňa çenli Senur we adamlary, Tansokkiler we Muzeanlar hem köprä gelýär. Olaram azajyk pikirlenip dogry jogaby berip köprüden geçýärler.
Ölüm labirinti duzakdan doludy. Aýagyňy basan ýeriň duzakdy.
Şeýle-de bolsa, Senur we adamlary, Tansokkiler, Muzeanlar, Enso, Jasini we Roksan bu labirintden çykmagy hem başardy. Indi bolsa olar, Açlaryň ýaşaýany Aç ada gitmelidi


IlosGome:

5-nji bölüm/Soňy

IlosGome-Aç ada

Enso we Jasini ýöremekden ýadapdy. Olar uklap galanlarynda Açlar Jasini-ni bişirip iýmek üçin ýaşaýan ýerine äkidýäler. Enso oýanýar, Jasini-ni görmänsoň ony gözläp başlaýar. Açlaryň sesini eşidip, sesiň gelýän tarapyna ýöreýär. Jasini-ni halas edýär ýöne ol wagt Açlar gelýär we bu sapar Enso-ny tutýarlar. Jasini çäresiz gaçmaly bolýar.
Açlardan gaçandan soň Roksan'a duşýar. Bolanlary aýdyp berýär. Roksan öňki dosdy Ensony halas etmek üçin Açlaryň ýaşaýany ýere gidýär. Enso ukladylypdy, Ensony daşaýarka Açlaryň sesini eşiden Roksan:
-Bu ýerden üçimiz sag çykyp bilmeris, sen Enso-ny äkit, Ol seni söýýär, men bolsa sizleriň yzyňyza düşmez ýaly Açlary güýmäp duraryn, eger olardan gutulyp bilsem menem sizlere ýeterin... diýdi.
Jasini ilki başda gitmeýär. Roksan başga çözgüdiň bolmadygyny aýdansoň, mejbur gitmeli bolýar.
Enso soňra oýanýar
Iki taýpa, Senur we adamlary, Enso we Jasini obanyň merkezine ýetýär. Ilki Enso barany üçin soragy bermäge hak gazanýar.
Hemme Enso-nyň "Haýsy Şa günäkär" soragyny berjekdigini öýdýärdi.
Ýöne Enso başga sorag berdi:
-Ejem we Kakam nädip öldi?
-Ejeň we Kakaň Tokaýa gezelenje gidende Senur tarapyndan öldürildi. Şa'lary Senuryň öldürenini gören Ejeň we kakaňy bulary halka aýtmasyn diýip Senur tarapyndan öldürildi.
Ensonyň Bu soragy bereni gowy boldy. Çünki Haýsy Şa günäkär soragyna jogap hem tapylypdy.
Iki taýpa ýaraşdy we Enso we Senuryň urşuna goşulmaz ýaly
Senuruň adamlaryny saklady.
Gapy göründi.
Vartinlansa gitmek üçin bu gapydan geçmelidi. Hemme geçdi ýöne Senur we Enso uruşmaga dowam edýärdi. Aýagy taýan Senur, Ensonyň elinden çekdi we ikisi bile uly çukura gaçdy.
Vartinlans halky obalaryna dolanyp gelenine günler, hepdeler, aýlar geçipdi. Emma Roksandan, Senurdan we Ensodan habar ýokdy.
Başga biri şa boldy we halk indi uruşman ýaşaýardy. Jasini bolsa ölýänçä hiç kim bilen gepleşmedi.


Heniz çekilmedik kinonyň senariýasy;
8
101
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25 Mart 2022
Sonagyz, öňki adym efsane efso ne. häzirki adym rowaýat rova ýat
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25 Mart 2022
Sonagyz, bolýa, iň başda nam ün gyz öýtdüňiz
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25 Mart 2022
Sonagyz, sora ýöne jogaplamazlygym mümkin ;)
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25 Mart 2022
Sonagyz, köpüsi bimany bolýa goşgularmyň😅, ýöne paýlaşanlarym bar soňky paýlaşanym "insan değişti" diýen goşgydy, özüm barada zat aýdasym gelenok ýýöne bu sapar aýdyberin Himiýa
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25 Mart 2022
Sonagyz, men ugrumy bir eýýäm saýladym, ýöne arada Türkçe goşga ýazýan :)
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25 Mart 2022
Sonagyz, men başga ugurdan gidýän, şoň üçin ussat däl hekaýa ýazmakda ussat bolsasymam gelenok, 🙂👍
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25 Mart 2022
Sonagyz, men şony edip bilemokda,
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25 Mart 2022
Sonagyz, suratlandyryp bilemok, ýöne göz öňüme gelýä meniň, özümim tapanym atlar hekaýany men ýazdym:)

Cindrella, howa
Cindrella
25 Mart 2022
Ekiz şa-my şu
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
24 Mart 2022
LORD,👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.