❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
24.03.2022 09:27
Kofeňizden lezzet alyň

Ajaýyp hünäri gazanan üstünlikli uçurymlar topary köne professory görmäge geldi. Elbetde, gysga wagtyň içinde söhbetdeşlik işe öwrüldi - uçurymlar köp kynçylyklardan we durmuş meselelerinden zeýrenýärdiler. Myhmanlaryna kofe hödürläninden soň, professor aşhana girdi, kofe we dürli käseler - farfor, aýna, plastmassa, hrustal we ýönekeý, käse(bakal,çaşka) bilen gaýdyp geldi.
Uçurymlar käseleri alanda, professor: 'Üns berseňiz, ähli gymmat käseleri aldyňyz. Hiç kim ýönekeý we arzan käseleri saýlamady. Diňe özüň üçin iň gowusyna eýe bolmak islegi, kynçylyklaryň çeşmesidir. Diňe käsäniň kofeni gowulaşdyrmaýandygyna düşüniň. Käwagt has gymmat, käwagt bolsa içýän zatlarymyzy gizleýär. Aslynda isleýän zadyňyz bir käse däl-de, kofe. Yöne bilkastlaýyn(bilgeşleýin) iň gowy käseleri saýladyňyz. - Soň bolsa kimiň haýsy käsäni alandygyna göz aýladylar.
Indi pikirleniň: durmuş kofe, iş, pul, wezipe, jemgyýet bolsa käse. Olar diňe Durmuşy saklamak üçin gurallar. Nähili käsämiz bar bolsa-da, durmuşymyzyň hilini kesgitlemeýär we üýtgetmeýär. Käwagt diňe käsä gönükdirilip, kofeniň tagamyndan lezzet almagy ýatdan çykarýarys. “Kofeňizden” lezzet alyň!



Terjime eden:❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
10
37
ylham_1989
24 Mart 2022
Lälijek,salam govmy 🙋‍♂️
Lälijek
24 Mart 2022
Ylham.1989, salam hemma🙋
ylham_1989
24 Mart 2022
Mena icip duryn sumat ☕
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.