sahet_ashyrov
30.01.2020 09:56
Köne soldatyň öýünde.

Ömrümde bir gezek ýalan sözledim,
Bagyşla, köşegim, bagyşla meni.
Nädip aldamaýyn, saňa dözmedim.
Durmuşda hemme zat bolýan ekeni.

...Onda ýaşajykdyň. Dil bitip ýaňy,
Zordan ony-muny sorap bilýärdiň.
Biri bir zat diýse, eje-kakaňy
Gygyryp, gapydan aglap gelýärdiň.

Derrewem öýkäňi ýatdan çykaryp,
Boýuma-boýuma bökerdiň ýene.
Oýunjaklaň baryn gapdan çykaryp,
Üýşürip öňüme dökerdiň ýene.

Men-de çagalygmy ýadyma salyp,
Bileje oýnardym oýunjaklarňy.
Kiçijik «möjegi» elime alyp,
Kowalan bolardym «goýunjyklarňy».

Ejeň hem «güjügiň» böwrüne urup,
«Möjegiň» üstüne topuldyrardy.
Biziň bu oýnumyz göwnüňden turup,
Seni jak-jakladyp, köp güldürerdi.

Ümbilmez çagadyň. Bütin dünýäni
Suw-sil alaýsa-da habaryň ýokdy –
Seň bagtyň üstünde turýan gowgany
Saýgarara aklyň ýetişenokdy.

Şonda meýletinlik lybasym geýip,
Wagona münemde Aşgabadymdan,
«Kaka, kaka, nirä gidýärsiň?» diýip,
Gözleriň sykanyň çykmaz ýadymdan.

Seni köşeşdirmäň alajyn tapman,
«Daýyňlara!» diýip, aldapdym şonda.
Gol bulap galaňda gözleriň gyrpman,
Wagondan posalar ýollapdym şonda.

Aşgabatdan gidip Berline çenli,
Ýeňiş bilen gaýdyp geldim sag-aman...
Ne şo güne, ne-de şu güne çenli –
Adam oglun ýeke gezek aldaman,

Aldapdym şo gezek, aldapdym seni.
Bagyşla, köşegim,
Bagyşla meni!
1965

Kerim Gurbannepesow
15
899
EmirAtaýew
18 Aprel 2020
Goshgy gowy... Shular yaly goshgy okanda, aydylyan zatlaryn goz onunde janlanyar...
Myhman Myhman
4 Fewral 2020
?????
Cherry
1 Fewral 2020
????
zamannamaz
1 Fewral 2020
Dogry Kerim agan gosgulary gowy .
Siz basgada Nobatguly Rejepowyn taze capedilen ,,Kalbyn senasy'' kitabyny okadynyzmy gaty gyzykly.
Myhman Myhman
1 Fewral 2020
????
Папин дочка
31 Yanwar 2020
Великалепный ?
Aziza Ruslanowa
30 Yanwar 2020
Àhli şahyrlarynam gosgulary onat yone ayratynam Kerim Gurbannepesowyn gosgularyny halayan (❤)?
Shatlyk95
30 Yanwar 2020
manyly goşgy ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.