https://owrenmeli.app/21357-gurleyan-piti.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
23.03.2022 21:39
GÜRLEÝÄN PITI
Ýaponiýanyň firmalarynyň biri «gürleýän» önümleri öndürip başlady. Bu ýerde gürrüň çylşyrymly bolmadyk elektron enjam oturdylan piti we gazanjyk barada barýar. Haçanda pitidäki suw gaýnap başlanda, piti adamyň sesi bilen (elbetde, öndürýänler ýaponlylar bolanlygy sebäpli olar häzirlikçe diňe ýapon dilinde «gürleýärler») «Hanym, suw gaýnady» diýip, ýuwaşjadan habar berýär.Egerde öý bikesi oňa gulak gabartmasa ýa-da eşitmese, onda ol sözler batly ses bilen gaýtalanýar. Eger şonda-da öý bikesi oňa parhsyz bolsa, onda pitidäki suw dökülip başlaýar. Şol bir wagtyň özünde-de sirenanyň batly signaly ýaňlanýar, Täze gaba ilat arasynda uly isleg bildirilýändigini gürrüň berýärler.
10
62