Paradise
22.03.2022 19:20
Iki müň on sekiz köneje bina,
Üýtgeşik tötänlik duşyrdy bizi.
Bir-biregiň gözlerinde jemlendi,
Bizi saklap duran dünýäniň ýüzi.

Baharyň bir güni jaň etdi maňa,
Oýun-oýun bilen tanyşan boldyk.
Şeýdip bu oyunymyz öwrülip çyna,
Ullakan söýginiň üstünden geldik.

Garşylyk, kynçylyk düşsede ara,
Bir-birekden asla üzmedik eli.
Doslarça syrlaşdyk, ýarlarça söýdik,
Bir howadan aldyk gursaga demi.

Sabyrlyja bolup, garaşyp, söyüp,
Bagtly geçirdik biz üç ýarym ýyly.
Gyzykly günleri arkada goýyp,
Açyldy durmuşyň ilkinji güli.

Açyldy ömrümiň ilkinji güli,
2021-iň ajaýyp yazy.
Owadan toý tutyp, ýetip ak bagta,
Başladyk şol günden gözel durmyşy.

Rysgallyja öýde ýaşap başladyk,
Biziň ak bagtymyz dünýäden giňdi.
Şol öýde jahana söýgimiz buşlap
Oglumyz Deňizhan äleme indi...

Arzuwlar, maksatlar, ýürekler birdi,
Bagty ak günlere gatyşdyrmakdy .
Bizden dünýä injek çagalarmyzy,
Bagtly ynsan edip ýetişdirmekdi.

Döredi eserler kän kän işlerem,
Etjek işi däldi ol yeke kişiniň,
Agzybir maşgala ýylgyryş gerek,
Şol uly işleri etmeklik üçin.

Arzuwlarymyň baryn aýyryp gyra,
Azymyň yhlasyn belentde goýdym.
Onyň biziň üçin ylgaýşyn görüp
Söýdim bu durmyşy has beter söýdim.

Şeýdip bir pikirli maşgala bolyp,
25 ýaşa ýetdi bu gün ýoldaşym.
Şonuň bilen gyzgyn guram ojagmyz
Şonyň bilen belent älemde başym.

Şoň bilen öwrendim maşlaga näme,
Şol öwretdi söýgiň mukaddesligiň.
Ol maňa dünýäde iň ýakyn ynsan
Ol meniň ýylgyrşym, beýik mertebäm.

Awtory ol ähli pursatlarymyň,
Üýtgeşik pikirli üýtgeşik ynsan.
Gülkisini dünýä bilen paýlaşyp,
Gussasyn ýürekde saklaýar pynhan.

Men şu gün birzady aýdasym gelýar
Iň bagtly zenan ENE hökmünde
Eger Azym ýaly sadasy bolsa....
Köpler bagtly bordy ýeriň ýüzünde.

Şükür ýazgydyma ýazlan ýoldaşdan,
Şükur boş goýmady Hak aýamyzy.
Şükür dowam etsek şu durky bilen,
Biziň ömür atly hekaýamyzy.
65
229
barlagcy
17 May 2022
Tuweleme berekella. Galamyñ yjy yiti bolsun cagalarynyzyn bagtyna guwan uzak omur surmek size nesip etsin
ylham_gurbanaly
23 Mart 2022
Tüweleme Jennet)
Dovletova_07
23 Mart 2022
😍😍😍😍😍
Gulshat_
23 Mart 2022
Bagtly bolun😍
Guljeren
22 Mart 2022
Paradise, borla Jennet barmana cekindim adamam kop men adymdanam gutla doglan gununi
Paradise
22 Mart 2022
Guljeren, sag bol yone senden gaty gordim name un gelmedin?

Sag bolun hemmanizede

ShirnazarTaganow, bolar nesip bolsa
ŞirnazarTaganow
22 Mart 2022
Tüweleme!👍Geljekde ýarym bolanda,özim goşgy,gazal ýazaýmasam ondan ha tamam ýok!😅-ýa bolarmyka!😊
Guljeren
22 Mart 2022
Jennet bagtly bolunn🌹👍
Gülhan
22 Mart 2022
Begendim...Bagtly boluň...;)
Didarmuhammet
22 Mart 2022
Gowy gosgy berekella👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.