https://owrenmeli.app/21306-zynjyry-sende-gutarmagyna-yol-berme.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
22.03.2022 18:12
Zynjyryň sende gutarmagyna ýol berme...
Braýn bir çöllük ýolda sürüp barýardy. Birdenem ýoluň gyrasynda saklanan 'Mersedes' gördi. Onda bir garry aýal düýbünden gussaly halda otyrdy. Maşynyň öňünde çekildi, köne Pontiac-dan çykdy we umytsyz aýala tarap ugrady. Garry aýal gaty gorkdy, sebäbi awtoulagda otyrka geçip giden ulaglaryň biri hem hiç kim durmady. Kim bilýär belki ol adam oňa zyýan berer?
"Meniň adym Braýn Anderson" -diýdi. - Hanym, size häzir kömek ederin. Häzirlikçe meniň maşynyma geçiň - ol ýerde birneme ýyly bolar.
Maşynyň töweregine göz aýlap, awtoulagyň tekeriniň ýarylandygyny gördi. Şeýle-de bolsa, ýaşy sebäpli aýalyň özi bu meseläni çözüp bilmejegine göz ýetiripdi. Braýn aşak egildi, ulagyň nirä goýuljakdygyny kesgitlemek üçin maşynyň aşagyna seretdi, soňra barmaklaryny gyzdyrmak üçin ellerini sürtüp, işe başlady. Tigir çalşandan soň, ýigit ýylgyrdy.
Hanym sorady:
Işiňiz üçin size näçeräk bermeli? - we howlukmaç şu sözleri goşdy: - Bahanyň ähmiýeti ýok, näçe hem bolsa bererin.
Braýn şeýle jogap berdi:
- Siz maňa hiç zat bermeli däl. Diňe kyn günde mätäç wagtyňyz kömek etdim. Galyberse-de, geçmişde adamlaryň maňa näçe gezek kömek edendigini diňe Hudaý bilýär. Eger hakykatdanam maňa sag bolsun aýtmak isleýän bolsaňyz, indiki gezek mätäç birini göreniňizde, şol adama kömek ediň we diňeje meni ýadyňyzda saklaýyň.
Aýal oňa minnetdarlyk bildirdi we maşyna mündi. Birnäçe kilometr geçensoň, bir restoran gördi. Ol ýylanmak we uzyn ýoldan soň iýmek üçin içeri girdi. Oňa hyzmat eden ofisant gyz, bütin gün aýak üstünde durandygyna garamazdan, ýakymly ýylgyrdy. Işiniň, göwreliliginiň ýa-da gündelik işleriniň ýadadýandygy bu gyzy ýakymly we içgin ýylgyrmagyna garamazdan bellidi.
Agşamlyk naharyny gutarandan soň, aýal 100 dollar töledi. Gyz gaýtargy üçin gidip barýarka, aýal derrew restorandan çykdy. Yzyna gaýdyp gelip, aýalyň gidedigini gördi. Stoluň töweregine göz aýlady we stoluň üstündäki ýazgyny gördi. Ýazylanlary okaýarka, gözlerine ýaş aýlady:"Siziň maňa bergiňiz ýok. Men ýaňy uzyn ýoly geçip barýardym. Şonda kyn wagtda biri maňa kömek etdi - . Eger hakykatdanam maňa tölemek isleýän bolsaň, etmeli zadyň diňe bu kömek zynjyrynyň seniň bilen gutarmagyna ýol bermeli däl." Stoluň üstünde salfetkanyň aşagynda ýene dört sany 100 dollar bardy. Gyzyň näçe wagt bäri şo restoranda işleýändigine garamazdan munuň ýaly ýagdaýa ol birinji gezek düşüp gördi. Bergilerini bermegi üçin pul tapylandygyna diýseň begenýärdi. Iş wagty gutaransoň gyz öýüne gaýtdy. Ýuwaşlyk bilen gapyny açyp içene girdi.
-BRAÝN, MEN GELDIM...Terjime eden:❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
(ýaltanman dolylygyna okaýyň:))
19
117