It we çaga(gysgajyk hekaýa).
Bir är-aýal özlerine nemes nesli bolan awçarka it alypdyrlar. Ony şeýle söýüpdirler,onuñ aladasyny öz hakyky çagalary ýaly edipdirler. Güjüjek bolsa söýgüden ullakan akylly,owadan it bolup ýetişipdir. Öýlerini gorapdyr. Eýesine wepaly bolupdyr,ýüregi bilen şol öýe berlipdir. Ýedi ýyldan soñ bu är-aýalyñ köp garaşylan ogullary dünýä inýär.Maşgala şeýle bir bagtlydy,wagtlarynyñ tas ählisi diýen ýaly şol çagajyga sarp edipdirler. Ite bolsa asla üns bermediler diýen ýaly. It görgüli özüni gerekmejek ýaly duýup çagajykdan eýelerini gabanypdyr.
Günlerde bir gün hem är-aýal ogluny öýde ýatyryp,özleri bolsa daşarda işlerine güýmenýärler. Haçanda olar çagasyny barlamak üçin çaga otagyna tarap ýöränlerinde it hem şol öýden çykyp gelýär eken. Onuñ agzy gara-gana bulaşyp,özi hem döşüni gerip,guýrugyny eýlä-beýlä gerip barýardy. Çaganyñ kakasy şol wagtda bolup biläýjek ähli erbet zatlary göz öñüne getirip haý diýmän itini atyp öldüripdir.Soñra bolsa ylgap çaga otagyna girenlerinde çagajygyñ ýatan sallançagynyñ ýanynda kellesi goparylan ýylanyñ göwresiniñ ýatandygyny görýärler.:"Meñ özümiñ durmuşymdaky iñ wepaly dostumy ýitirdim.''kakasy aglapdyr.Haýp,ýöne itini yzyna dolandyryp biljek gümany barmy?!
Biz hem köplenç adamlar hakda nädogry netije çykarýas...