Dovletova_07
22.03.2022 02:16
DIÑE YÜREKDÄKIÑ BILEN GARRARSYÑ.

Yanyñdaky bolubersin kim bolsa
Diñe yürekdäkiñ bilen garrarsyñ
Hemem yatlap gecen öñki günleri
Gözüñ ýaşlap öz özüñe gargarsyñ.

Şol pursat özüñi yalñyz duýarsyñ,
Kirpikleriñ gussañ bilen eziler
Yanyñda kim bolsun tapawudy yok
Emma yürekdäkiñ bilen geziler.

Şadyýansyñ şatlanarsyñ sözüm ýok
Emma gije ýene hasrat düzüler.
Bir ýyljak gujakda ýatanam bolsañ
Hyýalda ýurekdeş bilen geziler.

Haýsy sebäp aýra saldy parhy ýok.
Diñe şonuñ üçin goşgy düzüler.
Sen bireýýäm ondan dönenem bolsañ
Şondada yatlama bilen geziler.
Yürekdeş bolalyñ, ýananlar bilen.
Ýogsa ömür geçýär ýalanlar bilen...
9
82
Dovletova_07
22 Mart 2022
Гульхан, hakyky💯
Gülhan
22 Mart 2022
Yanyňda kim bolsn tapawudy yok, diňe ýürekdäkiň bilen geziler..
Dovletova_07
22 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, spasibo🌸🌼
Dovletova_07
22 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, 🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣
Dovletova_07
22 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, sañada köp sag bol, ýöne birine- ha goýan goşgym ýaramandyr. Dislike basypdyr😒😕
Dovletova_07
22 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,🥰🥰🥰🥰🥰
.ೃ࿐⦑A⦒ý⦑n⦒⦑a⦒𓆩༢࿔ྀુ
22 Mart 2022
👍👍👍👍👍👍
Aýdogdy
22 Mart 2022
Bilen geziler 👍
Dovletova_07
22 Mart 2022
P.s. surat agzamyz "Banucicek" üçin😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.