Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!
Salam gadyrly agzalar!.
Biz sizi we külli türkmen halkyny "Nowruz baýramy" bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gutlamak bilen size we mähriban halkyma täze arzuwlar bilen "täze bahar eýýamynyň" hemmelere düşümli bolmagyny arzuw edýärin.
Elmydama janyňyzyň sag bolmagyny, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň we ýurdumyzyň parahat we asuda durmuşda ýaşamagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!.
Nowruw baýramy barada:
1. "Nowruz" diýmek, türkmençe-"Täze gün" diýen manyny berýär.
2. Nowruz baýramy öz köküni Zorastrizm (Otparazçylyk) dininden alyp gaýdýar.
3. Nowruzuň taryhy ýaşy takmynan, 3000 ýyldan gowrakdyr.
4. Nowruz baýramynyň symwoly hökmünde hemmämiziň bilýän "Semenimiz" bellidir.
5. Nowruz baýramyny Eýran, Owganystan, Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan ýaly onlarça ýurt belleýär.
6. Awstraliýa Nowruz baýramyny güyzde belleýär.
7. Nowruzy millionlarça adamlar belleýär.
8. Nowruzy belleýän käbir döwletlerde, Nowruz öz köküni Otparazçylyk dininden gaýdandygy sebäpli, otdan bökülýär.