Lady🔗
20.03.2022 12:44
Bilbil bolsañ saýra jigeriñ daglap,
Bir gezek açyljak ýeke gùl ùçin.
Ýöne"Ýanar" diýip garaşma aglap,
Birmahallar ýele giden kùl ùçin.
😇😇😇😇😇😇😇😇😇😇😇😇
Dostuñ aglan wagty ýorgana sùmme,
Aýtgyn dogry sòzi ýùz gòrip dymma.
Damsañ damja bolup deñize damma,
Gadyrly bolarsyñ ýagsañ çòl ùçin.
🥰🥰🥰🥰🥰🥰🥰🥰🥰🥰🥰🥰
Aýlawa girginiñ bedew at bolup,
Bùrgùt ýaly gökden ingin bat alyp.
Ýòne gije ùýrme gùrji it bolup,
Beriljegi näbelli bir ýal üçin.
🙃🙃🙃🙃🙃🙃🙃🙃🙃🙃🙃🙃
Gatyja çöregi halalja iýip,
Alma sat,çokaý sat görmezler aýyp.
Ýone adam satma bilinmez diýip,
Ynsabyñ ýuwutma haram pul üçin.
🙂🙂🙂🙂🙂🙂🙂🙂🙂🙂🙂🙂🙂
Òwez Kertikow✒
9
66
Lady🔗
20 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,okadym oz postynda jogap berdim🙂
Rejepgeldi
20 Mart 2022
Tuweleme
Lady🔗
20 Mart 2022
Jerençaryyewa,👍👍👍👍👍
Jerençaryyewa
20 Mart 2022
Örran gwy gosgy
Lady🔗
20 Mart 2022
ShirnazarTaganow,👍👍👍👍👍
ŞirnazarTaganow
20 Mart 2022
Oha daş!👍😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.