Içim döküp derdim aýdyp bermäge,
Aglamda aglama diýip durmaga,
Gamly günim meñ ýanymda durmaga,
Mähirlije bir söýgülim bolsady.
Gujagynda başym goýup uka gitmäge,
Eli ele berip bagta ýetmäge,
Meni bagtly edip bagtly bolmaga,
Akyllyja bir söýgulim bolsady.
Ýuregimiz bile ursady mydama.
Pikirimiz bir bolsady elmydam.
Ýalñyzlygy duýdurmayan hic hacan,
Güler ýuzli bir söýgulim bolsady.
Sözi bilen güldirip göwnümi açyan,
Ýylgyrypjyk maña mährini saçýan,
Kynçylykdan ýeñillik bilen geçýän,
Pikirlije bir söýgülim bolsady.
************** seni söýýän diýsedi.
Öz bagryna basyp meni jandan söýsedi.
Diñe meniñ bilen bagtly bolsady.
Meñ ýüregim şeýle ýary küýsedi.