Aýtdyň,
aýtdym
göwne degjek sözleri,
Düşnükli düşnüksiz bulaşdy ara.
Dünýäň bize söýgi bolan dözmezi,
hiç zatsyz galypdy, bolansoň talaň.
Oýlamadyk söýgiň haly niçikdir,
Gahar gazap rüstem wagty akyldan,
Düşünjämiz düşünerden geçipdi,
Şol gün, ynjalmaga sebäp tapylman,
Göz ýaş bilen, ýas keşbine çolanyp,
"Hoş gal" bilen,
söýgä edipdik degsin.
Ýalňyşdygna giç düşünip ýalňyşdyk,
Şeýdibem ähli zat gutardy,
eýsem,
Aýryşmaklyk üçin duşuşypmydyk.
Aýtmaly zatlarmyz şeýlebir kändi,
Bagyşlap boljakdy bagyşlap bilsek,
Bolmasyz zatlaram bolmaly däldi.
...Çygryna çäk goýup, çeninden geçen,
ikimizi baglaýan zat
ýogsada,
Takdyra ten beren umydy dälmi,
Sabyryň gyrmalan käsesin içen.
...Aýtmaly zatlarmyz aýdylman galdy,
Aýtmasyz zatlary aýdanmyz üçin.
Çary Ataýew