Nepesowa
19.03.2022 01:01
Bu gün üýtgeşik gün bolmaly... Dogrusy bolmalydy... Irden turdym derrewem telefona ýapyşdym. Eýýäm iki aýdyr günleri barmak basyp sanap , zordan diýen ýaly ýeten günimem geldi... Bu iki aý meň üçin iki ýyl ýaly geçipdi... Telefona seredenimde bolsa hiç zat ýokdy. Belki soňrak jaň eder diýen umyt bilen garaşmagy makul bildim. Gün uzakdy. Bir tarapdan begenýärdim , bir tarapdanam gorkýardym...
Daşaryk çykdym daňyň mylaýym şemaly ýüzüme urýardy. Erik agaçlardan dökülen gülleriň ýapraklary ýere üýtgeşik bezeg berýärdi. Şeýle gözellige synlap durşuma birdan telefon ýadyma düşdi. Ylgap diýen ýaly öýe girip ýene telefona seretdim... Ýene hiç zat ýokdy. Uludan demimi alyp öýleri ýygnaşdyrmaga başladym. Eýýäm öýdäkileriň hemmesi işe gidipdi. Hem öýüň işlerini etýärdim hem telefona seretýärdim. Şeýlelik bilenem sagat 12:00 boldy. Intägem habar ýokdy. Wagtyň geçmegi bilen ysgynym gaçýardy. Bir zatlar syzýan ýaly gözlerimden islemesemem ýaşlar syrygýardy. Şonda-da garaşaýyn belki soňrak jaň eder hökman jaň eder - diýip öz özüme göwünlik berýärdim. Näme etsemem gözümi telefondan aýryp bilemokdym. Öňler biparh görünýän telefonam ezizläp başladym : ýekeje jaň ! Kän zat islämoga hä ? Men seni gowy görýänä ! Geläýsin şo ýekeje jaň - diýip telefon bilen gürleşip başladym... Şeýdibem ahyry sagat 16:00 boldy. Henizem hiç habar ýok... Inni nahar bişirmelidim. Naharyň soganyny dograp başladym. Soganam meni aglatýardy.
- Sen bir beýtmedä ozal az gördüňmi aglanymy ? - diýip sogana ýüzlenip güldim.
Birdanam " daşymdan görenä maňa däli diýer ! Telefon bilen gürleşdim inni bolsa sogan bilen...:) diýip ýylgyrdym...
Şu zatlara ünsümi berip telefon ýatdan çykypdyr. Ine birdanam irdenden bäri garaşýan ajaýyp owazym ýaňlanyp ugrady. Elimdäki pyçagy nädip taşlanymy bilmändirin. Begenjimden ýaňa büdüredimem telefony aljak bolup. Telefony elime alyp ýazgyny okadym:
-Ejemjann❤


(Dowamy bar)
Nepesowa
8
86
Nepesowa
19 Mart 2022
Sonagyz,nesip bolsa
Nepesowa
19 Mart 2022
Gena,bolia😉
gena_02
19 Mart 2022
Nepesowa,bolýa garaşýan onda
Nepesowa
19 Mart 2022
ShirnazarTaganow,ylalashyan

Gena,aytmayn gyzygy gacar
ŞirnazarTaganow
19 Mart 2022
Nepesowa,100 ýyl namart bolup bagtly ýaşandan(eger şu bagt bolsa),2 gün mert bolup ýaşap ölmeklik gowy!👍(posta dahylly ýeri ýok,sözlermiñ!)
Nepesowa
19 Mart 2022
Ovezova_,nesip bolsa ertir goyaryn

ShirnazarTaganow, ahyrýet un amal etmeli yone synag da her kime her hili
ŞirnazarTaganow
19 Mart 2022
Nepesowa,şular ýaly zat diýýäler welin, men kim?,-men näme üçin ýaşamaly?!(diýen soraglary,öz-özüme berýän!)🥀👍
gena_02
19 Mart 2022
Nepesowa,2 aýlap görmedimikä ejesini

Gyzykly
Ovezova_
19 Mart 2022
Dowamyna garasyan
Nepesowa
19 Mart 2022
Kiçiräkkäm diňe ejemden urulamda ýa da diňe gygyrlamda aglamalydyr öýtýärdim... Inni bolsa durmuş agladýar meni ... Ajy hakykat süýji ýalan... käşgä şu wagtam diňe ejemden gygyrlamda aglasadym...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.