Eý, ýaranlar, köpdür köňlüm armany,
Myradymny bir Alladan tilär men.
Hak özüdir barça dertniň dermany,
Zar eýleýip, Rebbenadan tilär men.
On sekiz müň älem birle daglarny,
Gurt-gumursga hem bilbil-u zaglarny,
Ol ýaratdy agma birle saglarny,
Gedadyr men, oşal şadan tilär men.
Üç ýüz müň ýyl ýyglap, tilde senasy,
Dergähinde bagyşlandy günäsi,
Jümle pygamberiň ata-enesi,
Adam bilen ol Howadan tilär men.
Mekgäniň binýadyn ymarat etgen,
Barça adam any zyýarat etgen,
Kadyr möwlam özi beşarat etgen,
Ol Hally-basapadan tilär men.
Şaýed, rehim kylgaý gözüm ýaşyga,
Ýaratdy kapyrny degre-daşyga,
Daragt içre erre geldi başyga,
Oşol ruhy Zekerýadan tilär men.
Ýehudy elgiden gutar salamat,
Bir azyz başyma niçe melamat,
Çah içinde tapgan gurby-sagadat,
Ýusup bilen Züleýhadan tilär men.
Ummat üçin gözden dur:r edip habyn,
Saçarlar her zaman dürri-naýabyn,
Açarlar magşarda şepagat babyn,
Ol Muhammet Mustapadan tilär men.
Düldül münüp, Zülpükary bilinde,
Melaýyklar durar sag-u solunda,
Howzy-köwser suwun görseň golunda,
Röwşen diýer, Murtazadan tilär men