꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
18.03.2022 21:32
Jogaplary Google.dan gözlemejek boluñ 😊

1.Iñlis - Ispan urşuna sebäp boldy diýlip tussaga atylan William Addis tussaglykdaka 1780-nji ýylda näme oýlap tapdy?
2.Myhmanyñ gitmegini isleýän kişi aýdybilmedik ýagdaýynda nähili hereket bilen belli eder?
3.Eurovision bäsleşiginde eminleriñ bäsleşijä beribiljek iñ ýokary utugy näçedir?
4.Gurt, böri, möjek - bularyñ tapawudy nämede?
5.Banknotlarynyñ ýüzüne "Tañra ynanýarys" diýp ýazan yurt haýsy döwlet?
6.Gyş aýlarynda gyş paslynyñ sowgynda bolmak islemeseñiz haýsy döwlete gitmeli bolarsyñyz?
7.Futbol oýnunda oýuna täze girjek oýunçy meýdança haýsy çyzykdan girýär?
8.Aşakdakylaryñ haýsysy hakykat däl?
a)Aýazbaba — çagalary gije daşary çykmazlygy üçin gorkuzmak sebäbi bilen ilatyñ döreden ertekisi,
b)Adam ölenden soñ beýnisi on minudyñ dowamynda janlylygyna galyp agyryny duýýar,
ç)Futbolda derwezewanlary taktika goşmaýarlar,
d)Merkuriý planetasynyñ iki hemrasy bar.
9."Captain America, Hulk, Iron Man" bu film gahrymanlarynyñ yer alan film seriasynyñ ady näme?
10.Russiýa we Belorussiýa nähili alfabiti ulanýalar?
11."Dünýädäki iñ ýalñyz agaç" adyny alan, soñra ýük maşynyñ urulmagy sebäpli häzir yerinde ýok agaç nirde ýerleşen?
12.Michale Jackson tansy diýbem bilinen, yza tarap taýyp ýörelýän tansyñ ady näme?
13."Ribaund, Smaç, Blok" bular haýsy sport görnüşine degişli sözler?
14.Türkmenistan näçnji ýylda Garaşsyz döwletler arkalaşygynyñ (GDA) hemişelik agzalygyndan çykdy?
15.Hristiyanlarda ýaş çagalaryñ adatdan daşary egin eşikler geýinip süyji ýygnaýan güni nähili atlandyrylýar?(❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀: Helloween)
16.Oscar taryhynda "Iñ oñat režissior" baýragynyñ eýesi bolan ilkinji zenan, "The hurt locker" filminiñ režissiory kim?
17.Haýsy haýwan beden gurluşy sebäpli hiç haçan kellesini yokary galdyryp asmana seredibilmeýär?
18.Haýsy sport oýnynda plýažda iki bolup, sport zalynda alty kişi bolup oýnalýar?
19.Türkler "Halaý" tansyny oýnanlarynda haýsy barmaklaryny birikdirýärler?(❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀: Külbike barmak)
20.Haýsy döwletde diñeje bir şäher bardyr?
21.Men "Helsinki-Oslo-Dublin" ýerlerine gezelenç eden bolsam, yzygiderligine haýsy ülkeleri gezipdirin?
22.Daşdan söküp alan excalibur gylyjy we tegelek stol rysarlary bilen tanalan meşhur Camelot karoly kim?
23.Telefon sim-kartasynyñ näçe burçy bar?(❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀: 5)
24.Ýumurtga gabygynda we dişde bar bolan madda nähili madda?
25.Haýsy agaç güllemän miwe berýär?
26.Haýsy önüm aslynda markanyñ adyka soñundan önümiñ adyna öwrülýär?
27.Biziñ iñ hapa diýp bilýänimiz, ýöne aslynda barlaglaryñ netijesinde iñ arassa diýp anyklanan jandar(mör-möjek) haýsy?
28.Öñki wagtlarda haýsy kärde işleýänler işiniñ gapdalyndan lukmançylyk operasiyalarynam edipdirler?
29.Haýsy haýwanyñ gözleriniñ merkezi(garajygy) dik inedördül şeklindedir?
30.Haýsy pul birliginiñ banknotlarynyñ ýüzünde haýsydyr bir döwlet iş adamynyñ suraty ýer almadyk?
31."Görogly" dessanynda Göroglynyñ ady käbir ýerlerde "Görogly zaññar" diýp geçyär. Zaññar sözüniñ manysy näme?
32.Futbol oýnynda top emine degip derwezä giräyse nähili karar alynar?
33.Saklanýan ýerinden çykyp duşmanlarynyñ öpüp gaçyan multfilm gahrymanynyñ ady näme?
34.Ýewropa birliginiñ baýdagynda näçe ýyldyz bar?
35."Jack Sparrow, Hector Barbossa, Davy Jones, Salazar" atly meşhur film gahrymanlarynyñ kärleri näme?
36.Öñki Müsürliler birini mumýalarkalar ynsanyñ haýsy organyny aýryp zyñýardylar?
37.Haýsy döwlet "Futbolyñ beşigi(sallançagy)" diýp atlandyrylýar?
38.Her gözi aýry reñkde bolan pişikler Türkiýäniñ haýsy welaýatynyñ ady bilen atlandyrylýar?
39."Alo" sözüniñ asyl manysy näme?
40."Ace, forehand, backhand" haýsy sport görnüşinde ulanylýar?
41.Beethoweniñ "9-njy Symfoniasy" günümizde haýsy guramanyñ gimni hökmünde ulanylýar?
42.Dünýäniñ haýsy künjeginde hemme taraplar demirgazygy görkezer?(𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎: Günorta polýusda)
43.Adalaty alamatlandyrýan heýkeliñ gözleriniñ ýumulgy bolmagy nämäni añladýar?
44.Geçen ýyllaryñ içinde haýsy Osmanly patyşasynyñ ýüregi Wengriýada gözlenip başlanýar?
45.Haýsy döwletde futbol oýny bilşimizden umuman tapawutly başgaça oýundyr?(𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎: Amerikan futboly)
46.Tango tansçy zenanlary tans edende gyzyldan başga haýsy reñkde köýnek geýýärler?
47.Kibernasia we robot biliminde iş ýöreden ilkinji kişi diýp kabul edilen bilim ynsany kim?
48.Dünýäde "At ministirligi" bolan ýeke-täk yurt haýsy döwlet?
49.Iñlis dilinden gelen "Boş vagt güýmenjesi" manysyny berýän "Hobi" sözi nähili haýwan oýunjagynyñ adyndan alynan?
50.Dişdede bar bolan süñkiñ poslamagynyñ öñüni alýan maddañ ady näme?
15
241
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
3 Iýul 2022
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎, 500 like hem alardy
Myhman Myhman
3 Iýul 2022
9. Rusça kinoñ ady "Матрыца" bolmaly

31. Zaññar edebi dilimizde paýynç soz

30. Ýewroda pul birliginde

29 . Pisiginki

25.ülje
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
22 Aprel 2022
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂, men goýsadym 5 like kyndan alardy😁😏
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
22 Aprel 2022
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎, sen goysañ trend bolardy, men name goysamam trend bolasy yokla
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
21 Mart 2022
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂, 👍....., GOWY SORAGLAR, menä trend bolar öýdüpdim....Dowam😉
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
20 Mart 2022
Sonagyz, şonnaky goyanam mendä😊

𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎, 17-18dogry 19 aydyldy 20yalñyş, 21dowamy hany😊, 23aydyldy, 27 dogry Elvan777, 2-8yalñyş 10 dogry, 12yalñyş 23aydyldy 25dogry 46dogrySonagyz, 2njiñ jogaby yalñyş. Lälijek, 46 aydyldy 39yalñyş.Ovezova_, 2yalñyş Sonagyz, 17aydyldy

Gena,14yalñyş, 49dogry, 12dogry, 48 yalñyş, 41dogry, 31yalñyş, 1dogry, 2yalñyş yaponlarda dal turkmenlerde, 5dogry, 7yalñyş, 9dogry, 32 dogry.. Myhman Myhman, 39dogry.. GoLd, 39 aydyldy
gena_02
19 Mart 2022
Myhman Myhman,şu postu arada goýuldy ýalňyşmasam
Myhman Myhman
19 Mart 2022
Telefony yasan adamyn soygulsunin F.A.A synyn bas harplary
Myhman Myhman
19 Mart 2022
39.Alessandra lollita oswaldo
gena_02
19 Mart 2022
14 2011ýyl bolaýmasa

49 At bolmaly

12 Aý ýöreýşi

48 Wengirýa

41 Ýewropa bileleşigi Aslynda simfonýanyň sazy 70 minut bolmaly ýöne 1 minudyny alyp goýýarlar

31 Kezzap zalym

1 Diş çotgany oýlap tapýar

1 soraga gaty gyzykly tusaglykdaka duz bilen grum berýän ekenler şonda şwabranyň puly ýuwuşuny görip dış çotgany oýlap tapýar

2 sorag Ýaponlar çaý hödür edýärler myhmana

5 A.B.Ş

7 Awud çyzykdan girýär

9 Ar alyjylar

32 gol hasap edilýär
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.