Yüzüñiziñ idegi ücin hökman gerek bolar .Öýde añsat tayyarlanylyan yapgylar .iymitlendirijiler .soñyna cenli okamagyñyzy maslahat berýân !Bir ýumurtganyň agyny köpürjikleýänçe çalmaly. Soňra ony ýüze çalyp, guraýança garaşmaly. Gurandan soň ýapgymyzy ýuwup aýyrmaly. Bu ýüzdäki öýjükleriň azalmagyna kömek edýär. Ýapgy ýüzi arassalaýar, ýüzümiziň ýaglanmasynyň öňüni alýar.
Ýarty hyýar, iki nahar çemçe süýt , 1 nahar çemçe bal, 1 çaý çemçe şeker arkaly ýüzümize ýapgy taýýarlap bolýar. Hyýaryň gabygyny aýyrmaly we gyrgyçdan geçirip ezmeli. Süýdi, baly we şekeri garyşdyryp, ezilen hyýaryň üstüne goşmaly. Ýapgyny ýüzüňize çalyp, 20 minut saklap, soňra ýuwmaly. Bu ýapgyny hepdede 1 ýa 2 gezek ulanyp bilersiňiz. Hyýar ýüzüňize öwüşgin berer, deriňizi arassalar we ýylmanak eder.
Bir ýumurtganyň sarysyny, 1 nahar çemçe zeýtun ýagy bilen garmaly. Taýýar bolan ýapgyny 25 minut saklap, soňra mylaýym suw bilen ýuwmaly. Ýapgy ýygyrt atýan, guran derili ýüzleri nemlemdirmäge kömek edýär.
Iki nahar çemçesi aloe şiresini 1 nahar çemçe gaýmak we 1 çaý çemçe zeýtun ýagy bilen garmaly. Soňra ony ýüzüňize , boýnuňyza çalyp, 30 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňizi ýumşadar, ýygyrtlaryň aýrylmagyna ýardam eder.