Ot içinde galdym bir özüm ýalñyz,
Gursagy ýaraly kemsidilen gyz.
Beýle agyr urga bu başym ejiz,
Men ýetimden näme isleýäñ dünýä.
Kakamjany aldyñ ýaşlykda garbap
Ol onda ýatandyr ýurdyn täzelap.
Gòzùm ýaşly galdym boýnymy sallap,
Ýa sen ejizlere ganymmy dùnýä.
Indi hossarlarym duşman bolypdyr,
Her zyñylan kesek maña degip dur.
Her gùn ejiz başym kemsidilip dur,
Heý seniñ rehimiñ bolmazmy dùnýä?!
Geçen itip geçýär el tersi bilen,
Ýok eken ýetimiñ ýùzùne gùlen.
Zäherin pùrkip dur òñ hossar bolan,
Hany señ wyždanyñ imanyñ dùnýä?
Ýetim adam dälmi aýdyñ mañada,
Ýa-da ýùrek ýokmy ýetim çagada.
Ýitdimi señ ynsanlygyñ nirede?
Şeýdip her gùnimi naladan dùnýä.
Mundan artyk ýaşasymam gelenok,
Gòz ýaşymdan gùlli ýakam guranok.
Ýetim bolsañ gelip halyñ soran ýok,
Bäş gùn òmrùm zyndan eýlediñ dùnýä.
Ýeri bolýar sen utdyñ men utyldym,
Kemsidilip çòp-çörlere atyldym.
Adam görsem gyra geçip bukyldym,
Doýdym senden jebriñ bolsa et dùnýä.😔