violinist
17.03.2022 11:46
Gitdigice ýitip barýañ gözümden,
Ýat boldy soraşmak aman-eseni.
Ýene menden habarñy al ahyr,
Täzelikler bilen güýmäýin seni.

Diñlejekmi aýdaýynmy täzelik?!
O gün ýanymyzda hut saña meñzeş,
bir mährem ýigide sataşan pilläm,
senin eziz adyñ bilen ýüzlenip,
Onuñ sen dälligñe ynanyp bilmän...
Bilýämiñ neneñsi o:da düşenmi...
...(Gülmesene bolup ýörşüme dünýäm).

Ýene bir täzelik soñky günlerde,
Ynan... aydym dinlemegi taşladym.
Çünki aýdymlaram meniñ adymdan,
Saña ýazlan ýaly bolup başlady.
Sazlaram dünýämi daraltýar barha,
Wysal islän arzuwlarym paşmady...

Görmäge gidemde (atynyp gördüm),
Boýdaşymyñ toýy üçin kürtäni,
Aýnada özüme synladym durdum,
Gözöñümde peýda boldy örtäniñ...
Jorama bagt diläp salsyz ýylgyryp,
Kemsindim ýoklugna senli ertämiñ.

Eh borla, düşünseñ täzeliklerem,
Senli könelikleñ basýar depesin.
Jany sag gez! Ýaran bolsun Hak saña
Eý söýgi dünýämiñ gaýnan nepesi!

Laçyn ÖWEZOWA.
16
80
MissBoss♕
17 Mart 2022
💔👍🏻👍🏻..
Gulshat_
17 Mart 2022
G🌼..,hosh gordk bolya sag bolun synanshyp goreyin hani😊

M👈✌️😎,bolya sizem kop sag bolun
M👈✌️😎
17 Mart 2022
Gulshat_,salam menem taze girdim yokarda sagat yaly bir bellik bardyr togalak halkajyk icinde gosmagyn sekili ba sona basmaly onsan cykar
Gulshat_
17 Mart 2022
Salam men taz girdm post goyp blmk bilyanin bamy
м....
17 Mart 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.