https://owrenmeli.app/21069-matematiki-hileler-3.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
16.03.2022 11:37
Matematikada aňsat we ýatdan hasaplamak isleýärsiňizmi?
Onda bu posty hökman okaň:
10-dan 19 aralykdaky
sanlary kwadrata (x²) götermek:
AB²→AB+B=C→C×10=C0→B²+C0Meselem:
14²=14+4=18→18×10=180→4²=16→180+16=196
Ýagny 14-i kwadrata göterjek bolanymyzda, ilki soňundaky sifrni sana goşýarys. 14-e 4-i goşmaly. Çykan jogaby 10-a köpeltmeli. 14-i 4-e goşanymyzda çykan jogap 18 bolany üçin, şol 18-i 10-a köpeltýäris. Jogap 180.(şu sany #a diýip belläp alýarys) Kwadrata göterjek bolýan sanymyz--14-iň soňky sifrni kwadrata göterýäris. Ýagny 4-i kwadrata götermeli. Şonda jogap 16 bolýar. (bu sany hem #b diýip belläp alarys)
Hälki #a bilen #b diýip belläp alan sanlarymyzy goşýarys. Jogap 196.
Meselem:
16-ny kwadrata göterjek bolaly
Ilki ýokarda aýdyşymyz ýaly sanyň soňky sifrni özüne goşýarys. 16+6=22. Soň jogaby 10-a köpeltmeli. Ýagny yzyna bir sany nol goşýas. 220. Indi hem 16-nyň soňky sifri 6-ny kwadrata göterip(6²=36), hälki 220-ä goşýarys.Taýýarlan: ❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀ Halan bolsaňyz👍🏻Düşündirip bildiğimden düşündirdim, siz hem düşünensiňiz diýip umyt edýärin. Düşünmedik bolsaňyz, sorag çyksa arkaýyn soraň. Täzeden düşündirjek...Başgada:
📍Iki belgili sany ýatdan 11-e köpeltmegi öwrenmek üçin basyň📍5 bilen gutarýan iki belgili sany ýatdan kwadrata götermegi öwrenmek üçin basyň
11
96