Bar zatdan:mekdepden, biologiýa kursdan, homiýa kursdan, 11-nji synpalaň gutardyş aladalaryndan halys bejigip başlamda, içim gysyp, durmuş ýolunda maňa öňde nämeleriň garaşýandygy hakdaky aladanyň tas meni depressiýa düşürjek bolup ýören wagtlary alagada şu doramany açyp görýän galman, 3 gün bolsun, 5 gün bolsun tapawudy ýok. Ýöne şol 25 seriýany sypdyrman görüp dynsam durmuşda çözülmeýän meseläň ýokdygyna bolan ynamy şu doramanyň üsti bilen has hem berkidip, bilimi berk guşap, hyjuw bilen ýene işe ýapyşýan. Meniň üçin ýeke täk gaýtalanmajak ajaýyp sungat eseri ýaly! Umuman ünsüm bölünip, göwnüm açylýar. Ine şu günjügem nobatdaky 25 seriýany görüp dyndym(uly tolgunmalar bilen). Netijede 3 gün mundan öňçözüp bolmajak ýaly görünýän meselerim, asyl peşeden pil ýasan ýaly zat ekeni. Iň guzykly ýeri hem men näçe gaýtalap görsem hem şu doramadan ýadamaýanlygymda! Ine onsoň öz pikirlerimi siziň bilen paýlaşaýyn diýdim 😊