15.03.2022
1
Bankany silkeleýän kim?
Çölden 100 sany gyzyl garynjany tutuň.
Soňra başga bir toprakdan 100 sany adaty gara garynjany alyň we hemmesini bir bankanyň içine salyň.
Ilki başda hiç zat bolmaz.
Soňra bankany eliňize alyň we ony gaty silkip, ýerine goýuň.
Bankanyň içinde birden garynjalaryň biri-birini öldürmek üçin uruşýan bulam-bujar gurşawyny görersiňiz.
Gyzyl garynjalar muny edýän duşman gara garynjalardyr diýip pikir edýärler, gara garynjalar bolsa bu bulam-bujarlygyň sebäbi hökmünde gyzyl garynjalary görýärler.
Şeýle-de bolsa, gaty gowy bilşiňiz ýaly, bulam-bujarlygyň esasy sebäbi siziň eliňizdir.
Şol sebäpden, sosial media ýa-da başga bir gurşawda tanamaýan adamlaryňyz bilen gygyryşjak ýa-da uruşjak ýagdaýa geleniňizde, hemişe özüňize aşakdaky soragy bermegiňizi haýyş edýärin;
Bankany silkeleýän kim?