Marsda suwun we şemalyň barlygyna degişli tâze subutnamalar tapyldy
Zhurong Marsa baryp-ha 2021-nji ýylyň maýynda barypdy. Şondan bäri ol 60 mars gününiň dowamynda saýýaryň demirgazyk ýarymşarynda Utopiýa düzlüginiň sebitlerinde 450 metr ýol geçmäni başardy.
Bu ýerler öňler suwdan dolup ýatan bolmaly diýip hünärmenler çaklaýarlar.
Marsohodyň kamerasynyň maglumatlary marsohodyň söken düzlüginiň bir böleginiň diýseň tekizdigini we az-kem daşlyrakdygyny görkezýär.
Bu ýerden getirilen närseleriň seljermesi saýýaryň beýleki ýerindäkileriňki bilen gabat geldi.
Şonuň bilen birlikde, alnan kadrlarda daşlaryň ýüzünden kiçeňräk taraşlanan çyzyklaryň geçýändigi görünýär, olar ýeliň täsirinden emele gelendir diýip çaklamaga esas berýär.
Alymlar käbir jynslarda suw iýilmesiniň yzlaryny ýüze çykardylar.
Hünärmenler orbita korablynyň kadrlarynda Marsyň ýüzünde Ýerdäki çäge dýunlaryny ýatladýan zyralaryň bardygyny gördüler. Görnüşine görä, olar, megerem, ýeliň täsirinden dörän bolsalar gerek. Alymlar bu saýýarda indi ýel ýok bolsa gerek diýip hasaplaýarlar.
Habar peydalymy👍 ya peydasyzmy👎