Lälijek
15.03.2022 09:27
Hakykatdan-da, adamlar irki döwürlerden bäri haýsy hem bolsa bir zady çeýnemegi endik edinipdirler. Şu nukdaýnazardan Russiýada sosnadyr arça agaçlarynyñ şepbigini, has gùnorta ýurtlarda üljedir erigiñ şireli suwuny, Hindistanda ösümlikleriñ baldaklaryny, Orta Aziýada we Kawkazda naryñ gabygyny, amerikan indeýleri bolsa, sapodilla agajynyñ şireli suwuny sakgyç hökmünde ulanypdyrlar. XIX asyryñ ahyrynda Amerikaly Tomas Adams sapodilla agajynyñ şireli suwuny gaýnadyp, onuñ üstüne hem şeker tozuny, toşaby, narpyzly ýagy goşup, oñat garyp hamyr ýayan ýaly ýaýypdyr. Ynha ilkinji sakgyjyñ döreýiş taryhy şeýle.
Biziñ döwrümizde hem sakgyjyñ görnüşleri sapodilla agajynyñ şireli suwundan ýa-da haýsy hem bolsa şepbik bölüp çykarýan agaçlaryñ şepbiginden taýýarlanylýar. Sakgyjyñ süýjiligi, tagamlylygy, çalt zaýalanmazlyk hasiýetleri bolsa, tagam beriji, aromatlaşdyryjy, süýjediji goşundylaryñ goşulmagy sebäplidir.
9
133
ideallider
16 Mart 2022
Aryň balynyň içine goýulan aryň-öýi hem gowy sakgyç eken🙂👍
Lälijek
15 Mart 2022
Ahzalar size sorag ba siziñ favori sakgyjyñyz haýsy? Menki mentos.
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
15 Mart 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👏🏻
ŞirnazarTaganow
15 Mart 2022
👍👍👍👍👍👍
Lälijek
15 Mart 2022
🖒🖒🖒🖒Ylham.1989,
ylham_1989
15 Mart 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.