Maña çenden aşa ötgür göz gerek,
Ýamanlaryñ ýagşy ýerin gözläre.
Örän süýji, baldan datly söz gerek,
Kalba damjak şirin sözler sözläre.
Dünýe ýaly giñ göwün ber,açylsyn,
Göwündeşe göwnüm içre ýerläre.
Abraýym ryskymdan artyk eçilsin,
Egnim gysman il içinde gürläre.
Kimse gaýrat dilär, meñ dilegim gül,
Daş zyñanyñ garşysyna zyñmaga.
Namardyñ öñünde gaýrat derkar däl,
Güýjüm ýetse besdir ýene dymmaga.
Yşk ber, tüsseläp däl, közli söýmäge,
Çünki, men dünýäde yşk diýip doglan.
Dymsam Haka ýakynlygym duýmaga,
Kanagatly kalp ber, nur bilen ýuwlan.