lord
14.03.2022 22:34

Ejem ýaly dost tapmadym..
(Özbek aýdymyna ýanama)


Barly wagtyň aş-duzuňdan dadarlar,
Ýoksul wagtyň adyň tutan tapylmaz.
Sataşsa-da "dost men" diýen, nadanlar,
Ejem ýaly dost tapmadym adamlar.

Göz ýumdum kän gezek bahyllaryma,
Käte melul geldim ýakynlaryma,
Duşsam-da ynasanlaň sahylaryna,
Ejem ýaly dost tapmadym adamlar.

Toý-tomaşa gidenimde men nadan,
Diýerdi:"Ýamandan daş durgun,sadam"
Soňra ýollaryma göz dikip ýadan,
Ejem ýaly dost tapmadym adamlar.

Kimler dost tutunar geti:r diýp peýda,
Kimler şat günümde boldu-la şeýda,
İki dünýä arasynda men geda,
Ejem ýaly dost tapmadym adamlar.

Awtory: Maksat Hudaýberdiýew.

12
73
MissBoss♕
15 Mart 2022
LORD,hemise seyle bol😊
Myhman Myhman
15 Mart 2022
LORD. , dogryny ayt okuwcymy talypmy
MissBoss♕
14 Mart 2022
LORD,waleykum salamlar,sukur gowy,ozun gowmy?))
MissBoss♕
14 Mart 2022
👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.