İKİLİK
Erkek gül ysgasa üstüne gülüň,
Gittikçe adaty hala öwrüldi..
Aýal etse rowa gördüler "ölüm"
Nämçün namys iki jynsa aýryldy?!
"At gazygyn tapyp geler yzyna"
Dolanarmyş erkek bitirip işin.
Ýaş geçensoň günäň değse gyzyňa,
Oňada diýjekmi aýalňa diýşiň?!
Aýal mydam kem gözledi özünde,
Näçe gije çykdy ukysyz daňa..
Diýdi "Onça gadrym ýokmuş gözünde,
Ýogsam bu agryny dözermi maňa?!"
"Laýykmydy gözden akan ýaşyma?
Haýsy günäň jezasyka köýenim?
O dilberem mäkäm gysyp döşüne,
Maňlaýyndan ogşadymy söýenim ?
Hormydy bedeni, uzynmy saçy ?
Belki jemaly bar menden owadan...
Ýüzümi mylaýym, ýaşymy kiçi ?
Bir sebäp bolmaly menden sowadan...
Ýok bolýady özi ýandy derdine,
Wepa ýokka, söýgim ýokdur nikada.
Erkeğe, Aýala aýrymy günä ?
Haýsy imanda bar bu tüýsli kada ?"
Kim bilýär söýgüsin satan ýalana,
Näçe ýürek bardyr ol derde ýanýan.
Gujagyna başga Dilber salana,
"Erkek" diýenimden özüm utanýan...!
Jogapsyz sowallar berenokdy maý,
Gijeler ukydan aglap oýandy..
Ondan soramandy köşk ýada Saraý,
Aslynda "Ukydan" indi oýandy!....
Nurana Arslanowa.