Adam dabanyny gyzgyn çägeden, daşdan hem-de suwdan goramalydygyna düşineninden soñra, sandaly oýlap tapypdyr. Sandal daban õrtüginden hem-de ýüp geçirer ýaly halkalardan we gaýyşdan ýasalan ýüpden ybarat bolupdyr.
Alymlaryñ çaklamagyna görä, Gadymy Müsürde çyglanan çägede galdyran aýak yzyna laýyklap, örülen papirusyñ ýapragyna halkalar dakyp, ony hem haýwanlaryñ derisinden taýýarlanan ýüpüñ kömegi bilen dabanyna dañypdyrlar. Şonuñ üçin hem müsürli zenanlar aýaklaryna şaý-sep dakypdyrlar. Esgerler bolsa demir ya-da mis aýakgaplaryny taýýarlapdyrlar. Bu aýakgaplar aýagy zarply urgudan gorapdyr. Hindistanda bolsa sygyrdyr öküzüñ dersinden aýakgap ýasamak gadagan edilenidigi üçin ony agaçdan ýasapdyrlar. "Sandal" sözi grek sözi bolup, ol "Ýüpüñ kömegi bilen aýaga berkidilen daban örtügi" diýen manyny beripdir. Sag we çep aýaga laýyk bolar ýaly ilkinji aýakgaby hem grekler oýlap tapypdyrlar. 👢👡👠👟👞🤓