ÝALANÇYLARYŇ KONKURSY
Şeýle konkursy geçirmek özüniň gözbaşyny uzaklar dan alyp gaýdýar. Baryp XVIII asyryň başynda kiçijik Monkrabo diýen obajykda hekaýatçylaryň jemgyýeti döredilipdir. Onuň agzalary bir ýere ýygnanyşyp, gyş aýlarynyň uzak gijelerini gysgaltmak niýeti bilen bir birlerine gyzykly hekaýatlar aýdyp beripdirler. Frans Press agentliginiň degişme bilen belleýşi ýaly, ýalan bütin Monkraboda uly abraýa eýe bolupdyr. Hekaýatçylaryň döreden jemgyýeti soňra akademiýa öwrülýär. Bu ýerde ýalançylar diňe bir Fransiýanyň özünde däl, eýsem beýleki ýerlerde-de meşhurlyk gazanypdyr. Häzirki wagtda bolsa «ýalançylaryň şasy» diýen ady almak üçin bäsdeşlige beýleki ýurtlaryň wekilleri hem gatnaşýarlar. 1990-njy ýylda bu bäsdeşlikde belgiýaly Marsel Merse ýeňiş gazandy. Žýuriniň agzalarynyň bäsleşýänler üçin ses berşi-de beýlekileriňki ýaly däl. Onuň her bir agzasy ol ýa-da beýleki çykyş edýän üçin ýörite gaba duz taşlaýar. Bäsdeşlikde kimiň ýeňiji bolandygy şol duzuň agramy bilen ölçenilýär. 1991-nji ýylda geçirilen bäsdeşlikde O.Bune üçin 1,4 kilogram duz taşlanypdyr. Ikinji ýere mynasyp bolan üçin bolsa, onuňka seredeniňde 200 gram duz az taşlanypdyr.