Guljeren
14.03.2022 00:58
Aslynda, arzuwa aňsat ýetme ýok,
Sen hüjüm edýänsiň, ol gaçyp barýar.
Arzuwdan, umytdan dogulýar gaýrat,
Damardan ýürege gan bolup urýar.

Arzuwlarmy ýene asýan asmandan,
Daňýan umydymy biline gylyň.
Uçup barýar umyt barha ahmallap,
Üzülmän gonsa bor gursagna gülüň.

Üzülse üzülsin, goý, gursakda ol,
Hupbatly umytlar süýji bolarmyş.
Aňsadyny aňtap ýetilen arzuw,
Ir-ä saralarmyş, irem solarmyş.
33
149
Myhman
14 Aprel 2023
Merjen gowy gosgy
Myhman
14 Aprel 2023
Gowy goşgy
Didarmuhammet
14 Mart 2022
👍👍👍gowy gosgy
Aýdogdy
14 Mart 2022
Yoldan sowul 👏👏👍👍.
Myhman Myhman
14 Mart 2022
Gena , 🤦‍♂️

Gena , bratok arzuwlaryn bary hasyl bolmayar
.ೃ࿐⦑A⦒ý⦑n⦒⦑a⦒𓆩༢࿔ྀુ
14 Mart 2022
😘😘😘😘😘😘
gena_02
14 Mart 2022
Guljeren,👌
Guljeren
14 Mart 2022
Gena, dogry.... umyt bn arzuw adamlaryn durmus gapysynyn in mohum acarlarynyn biri...
gena_02
14 Mart 2022
Guş ganatsyz bolmaz,adam arzuwsuz.
Guljeren
14 Mart 2022
Sonagyz, meninem in gowy goryan iki sozum
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.